
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygy ugrunda döwlet tarapyndan edilýän aladalar çuňňurdyr. Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdudyr» diýen şygaryna eýerip, her bir ynsanyň zähmet we dynç alyş şertlerini ýokary hilli guramak, kadaly iýmitlenmegi ýola goýmak, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagy şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa ornaşdyrmak, zyýanly endiklere garşy göreşmek döwletiň baş maksatlarynyň birine öwrüldi.
Zyýanly endikler adamy ömrüniň dowamynda öz mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyny çäklendirýär. Adamyň ýaş wagtynda gazanan we gutulyp bilmeýän erbet endikleri has howpludyr. Şeýle endikler adama çynlakaý zyýan ýetirýär — durmuşa höwesini we hyjuwyny ýitirmäge, bedeniniň wagtyndan öň garramagyna, dürli keselleriň döremegine eltýär. Olara çilim çekmek, spirtli içgiler, neşe serişdeleri, zäherli we psihotrop maddalary ulanmak degişlidir.
Islendik temmäki önümlerini ulanmak aýratyn howply bolup durýar. Sebäbi bu hadysanyň zyýany diňe bir çilimkeşiň özüne däl, eýsem, ýakynlaryna-da täsir edýär. Çilim, adam bedeniniň dowamly zäherlenmegine getirýän, akyl we fiziki garaşlylygy ösdürýän zyýanly endikleriň bir görnüşidir. Temmäki önümlerindäki nikotin derrew öýkeniň alweollary arkaly gan damarlaryna girýär.
Nikotiniň merkezi nerw ulgamynyň doly işläp bilmezligine gyjyndyryjy täsiri bar. Adamyň dem alyş ulgamyny, agyz boşlugynyň, bogazyň, burun, traheýa we bronhlaryň nemli bardalaryny gyjyndyryp başlaýar. Netijede, dem alyş ýollarynyň çişmegine getirýär. Çilim çekmek demgysma we pnewmoniýa ýaly keselleriň ösmegine hem sebäp bolýar. Şular bilen baglylykda, häzirki wagtda temmäkiniň ulanylmagyny bes etdirmäge we nikotine baglylygy bejermäge gönükdirilen lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini ýokarlandyrmak hem-de milli we halkara derejede temmäkä garşy göreşmegiň tarapdarlary bilen hyzmatdaşlygy berkitmek ilkinji nobatdaky wezipeleriň hataryna girizildi.
Goý, halkymyzyň sagdyn durmuşy ugrunda oňyn işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, beýik tutumlary hemişe rowaç bolsun!
Murat EREŞOW,
Lebap welaýat narkologiýa hassahanasynyň bölüm müdiri.