Buýsançly köňüller

Ça­ga­la­ryň sag­ly­gy — döw­le­tiň gym­mat­ly baý­ly­gy

12-02-2025 / 6

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň esasynda ýurdumyzda adam saglygyna uly üns berilýär. Ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn kemala gelmegi, ruhy we fiziki taýdan sagdyn ösüp ýetişmegi ugrunda birnäçe tagallalar edilýär.

Ýurdumyzyň çagalar baglarynda medisina otaglarynyň, saglyk burçlarynyň döredilmegi, her bir bilim ojaklarynda medisina işgärleriniň zähmet çekmegi çagalarda ýüze çykyp biläýjek keselleriň öňüni almakda, keselleri bejermekde, sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmekde iňňän ähmiýetlidir.

Türkmenistan Watanymyzyň dürli künjeklerinde hereket edýän çagalar baglaryndaçagalaryň ene-atalary bilen ýygy-ýygydan ýygnaklar, söhbetdeşlikler geçirilýär. Söhbetdeşliklerde çagalar bilen ene-atalaryň arasynda ýüze çykyp biläýjek ýagdaýlar, çagalaryň saglygy baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Çagalar baglarynda şepagat uýasy ene-atalara çagalaryň saglygy barada degerli maslahatlar berýär. Çagalaryň özlerini alyp barşy, iýip-içmegi, oýnaýan oýunlary berk gözegçilikde saklanýar.

Gürrüňdeşlikde şepagat uýasynyň çagalaryň saglygyna, ösüşine täsir edýän ýagdaýlar barada gürrüň etmegi şol çagalaryň geljekki ösüşine oňaýly täsir edýär. Alym Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary netijesinde dünýä ülňülerine gabat gelýän çagalar baglarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, şeýle hem hereket edýän çagalar baglarynyň durkunyň döwrebap şekilde täzelenmegi durmuşa gadam basyp ugran çagalaryň dünýäsinde uly bir özgerlişikleriň nyşanydyr. Ýaşajyk körpejikler döwrebap bilim, terbiýe almaga ugrukmak bilen bir hatarda özlerini gurşap alýan daşarky dünýäsine täzeçe garaýarlar. Sanly ulgamyň çagalar baglaryna ornaşdyrylmagy, körpeleriň bilimi aňsat öwrenmekleri bilen bir hatarda terbiýeçi-mugallymlaryň işini ýeňilleşdirýär we kämilleşdirýär.

Bagtyýar zamanamyzda çagalaryň hukuklarynyň goralmagy, olaryň milli ýörelgelerimiz we umumadamzat ruhy gymmatlyklarymyz esasynda terbiýelenilmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Arazsoltan HALYKOWA,
Daşoguz şäheriniň 15-nji çagalar bakja-bagynyň şepagat uýasy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu