![](https://turkmengazet.com/wp-content/uploads/2024/03/caga-sanly-ulgam-780x470.jpg)
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzy ösdürmegiň häzirki tapgyrynda ýurdumyzyň geljeginiň bähbidine nesil terbiýesine üns-alada bilen garalýar. Körpe neslimizi döwrebap kemala getirmekde mekdebe çenli edaralaryň gurluşyny, dolandyrylyşyny özgertmek, berilýän bilim-terbiýäniň mazmunyny çuňlaşdyrmak, okatmagyň täze hem netijeli usullaryndan peýdalanmak öňde goýlan wezipelerdir.
Mekdebe çenli bilim basgançagynyň sanlylaşdyrylmagyna geçilýän häzirki döwürde terbiýeçileriň, usulyýetçileriň maglumat-tehnologiýalaryndan, tehniki serişdelerden, multimedia tagtadan ýa-da kompýuterlerden netijeli peýdalanmagy ussatlyk bilen başarmagy gerek. Olar, ilkinji nobatda, merkezleşdirilen maglumatlardan peýdalanmagy galyberse-de, ökde terbiýeçileriň taýýarlaýan aýry-aýry okuw maglumatlaryny tapmagy we ulanmagy başarmalydyr. Belli bir maglumat toruna birikdirilen ulgamdan gerekli materiallary almak, ondan nämäni we nähili peýdalanmalydygyny iş ýüzünde görkezmek, öz işiniň ähmiýetini ýüze çykarmak hem-de tejribesini ýaýratmak çagalar bagynyň işgärleriniň — terbiýeçileriň, usulyýetçileriň wezipesine degişlidir.
Mälim bolşy ýaly, çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň öňünde çaganyň içki dünýäsini açmak, olara döwrebap terbiýe bermek, sowat öwretmek wezipesi durýar. Munuň üçin bolsa terbiýeçiler özlerine ynanylan çagalaryň her birini içgin tanamaly, onuň maşgala, durmuş şertlerine, gylyk-häsiýetine, gyzyklanmalaryna hem ymtylmalaryna belet bolmaly. Terbiýe maşgaladan başlanýar. Körpeleriň maşgalada alýan terbiýesini çagalar bagynda utgaşdyrmak terbiýeçileriň esasy wezipeleriniň biridir. Munuň üçin her bir çaga aýratynlykda çemeleşmek gerek. Ony iş ýüzünde amal etmek üçin terbiýeçiler çaganyň gylyk-häsiýetini jikme-jik öwrenýärler. Şunda terbiýeçi bilen ata-eneleriň hyzmatdaşlygy möhüm ähmiýete eýedir. Şu nukdaýnazardan, biziň çagalar bagymyzda ata-eneler bilen aragatnaşyk göwnejaý derejede ýola goýuldy. Çagalar bagynyň terbiýeçileri ata-eneler bilen ýygy-ýygydan duşuşyklar, söhbetdeşlikler, ýygnanyşyklar geçirýärler. Olarda çaganyň akyl we fiziki taýdan ösüşi, gyzyklanmalary, gylyk-häsiýeti barada giňişleýin gürrüň edilýär. Çagalara terbiýe bermek, olara ilkinji sowat öwretmek boýunça ata-enelere maslahatlar berilýär. Şeýle çäreler onlaýn arkaly, ýagny sanly ulgamyn üsti bilen hem amala aşyrlyýar. Munuň özi çagalara bilim bermekde ata-eneler bilen terbiýeçileriň arabaglanyşygyny uzak aralykdan guramakda sanly ulgamyň döredýän mümkinçiligidir.
Terbiýeçilerimiz her bir guraýan sapaklarynda kompýuterlerden peýdalanmak, animasiýaly sapaklary gurap, geçilýän sapaklarda, terbiýeçilik maksatly çärelerde körpe nesliň ünsli-höwesli bolmagyny gazanmak üçin zähmet çekýärler. Şeýle işler, esasan hem, mekdebe taýýarlaýyş toparlarynda gyzgalaňly guralýar. Ýaş nesli milli ruhda terbiýelemäge giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Ogulbagt DÖWLETOWA,
Ak bugdaý etrabynyň 12-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.