![](https://turkmengazet.com/wp-content/uploads/2023/12/bitaraplyk-yaslar-780x470.jpg)
Ýurdumyzda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýyla gadam basmak bilen, eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli işler dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty esasynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny aýdyň görkezip, ählumumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly goşant goşýar.
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýyl Türkmenistan üçin aýratyn şanly we taryhy ýyl: ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagyna 30 ýyl dolýar. Dünýä bileleşigi bolsa BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyny bellär. Bu seneler mynasybetli golaýda kabul edilen Konsepsiýada Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň meýilleşdirýän işleri we ileri tutýan ugurlary kesgitlenildi.
Döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän belent maksatlarynyň, oýlanyşykly wezipeleriniň hatarynda dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmegiň ileri tutulmagy we olara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesliniň aýratyn ornunyň ykrar edilmegi bellenmäge mynasyp. Çünki häzirki wagtda Ýer ýüzünde-de, Türkmenistan döwletimizde-de ilatyň aglaba bölegini ýaşlar eýeleýär. Şoňa görä-de, ýaşlar başlangyçly, gujurly, tutanýerli, köptaraplaýyn ukyplarynyň we mümkinçilikleriniň ýurdumyzyň bitaraplyk syýasatynyň çäklerinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, şol sanda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça çäreleriň amala aşyrylmagynda möhüm hereketlendiriji güýç bolup çykyş edýär diýsek ýalňyşmarys. Ýurduň geljegi bolan ýaş nesliň işjeň we başlangyçly ornunyň ykrar edilmegi bolsa, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda ileri tutulýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çärelere berilýän aýratyn uly üns we ähmiýet ýurdumyzda-da, daşary ýurtlarda-da birjik-de gowşanok. Sebäbi olar parahatçylygy, durnukly we döredijilikli ösüşi goldamak hem-de pugtalandyrmak babatda ählumumy derejedäki möhüm wakalar bolar. Döwletimiz ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlary, halkara guramalary bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy. Halkara jemgyýetçiligi bu işleri bilelikde durmuşa geçirmäge taýýardygyny aýtdy. Türkmenistan muňa parahatçylyk we ynanyşmak dialogy üçin halkara gatnaşyklarda hil taýdan täze ajaýyp mümkinçilik hökmünde garaýar. Şoňa görä-de, bu baýramçylyk dabaralaryny we halkara çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin ähli tagallalar ediler.
Ählumumy abadançylygy üpjün etmek, dünýäde parahatçylyk taglymatyny dabaralandyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Dursun AMANOWA,
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 15-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.