Buýsançly köňüller

Terbiýeçiniň ýürek buýsanjy

13-02-2025 / 9

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmäge, şol sanda mekdebe çenli bilim-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmäge, terbiýeçileriň hünärini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagogik işgärleriniň arasynda her ýylda geçirilmegi däbe öwrülen «Ýylyň terbiýeçisi» bäsleşigi  munuň ajaýyp mysalydyr.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu bäsleşigiň Mary şäheri boýunça geçirilen tapgyryna gatnaşmak we Baş baýraga eýe bolmak maňa hem nesip etdi. Mary şäheriniň rus dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi hökmünde bu bäsleşige gatnaşmak çagalaryň ösen aň-düşünjeli, milli we döwrebap terbiýeli, sagdyn bedenli we mekdebe taýýarlykly kemala getirilmegi ugrunda öwrenen tejribelerimi, bilim-başarnyklarymy görkezmäge mümkinçilik boldy.

Ýurdumyzda bilim ulgamyny, terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmäge gönükdirilen Maksatnamalardan, sanly bilim ulgamyny ösdürmek babatdaky ýörelgelerden, şeýle-de Türkmenistanda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konespsiýasyndan gelip çykýan wezipelerden ugur alyp zähmet çekmekde barha kämilleşdirýäris. Öz döredijiligimiz, täze taslamalarymyz, usuly işler boýunça täzeçil başlangyçlarymyz bilen ýaş hünärmen hökmünde barha kämilleşmek, şeýle abraýly bäsleşiklerde baýrakly orunlara eýe bolmak biziň üçin uly buýsançdyr.

Alym Arkadagymyzyň eserlerinden, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän ajaýyp mümkinçiliklerinden peýdalanyp netijeli zähmet çekmek uly bagtdyr.

Güljeren HOMMADOWA,
Mary şäheriniň rus dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi, TDP-niň işjeň agzasy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu