Buýsançly köňüller

Sagdyn durmuş ― bagtyýar ýaşaýyş

10-02-2025 / 15

Milli saglygy goraýyş ulgamynda soňky ýyllarda gazanylan uly üstünlikler ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak, ýaşaýyş-durmuş, fiziki we akyl taýdan ösüşini üpjün etmek boýunça ägirt uly tagallalaryň edilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak baş wezipedir. Bu wezipe ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk häzirki zaman lukmançylyk merkezleri guruldy, saglygy goraýyş ulgamynyň infrastrukturasy döwrebaplaşdyrylýar. Bularyň ählisi ilata halkara standartlara laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemäge gönüden-göni ýardam berýär.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 9-njy oktýabrynda Aşgabatda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabaralary boldy. Saglygy goraýyş ulgamynyň ösen infrastrukturasynyň üstüni ýetiren bu döwrebap lukmançylyk edaralarynyň gurulmagy diňe bir bejeriş işlerine däl, eýsem, keselleriň öňüni almaga gönükdirilen saglyk syýasatynyň hem esasy wezipelerine laýyk gelýär. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny”; “Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny”; “Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny” tassyklamak; ilatyň derman serişdeleri we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler bilen üpjün edilmegini kämilleşdirmek hakynda gol çeken Kararlary munuň aýdyň mysalydyr. Şol günlerde ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp künjeginde gurlan «Kalbyň şypasy» atly binanyň hem-de Arçabil şaýolundan başlap, Halkara kardiologiýa merkezine barýan durky täzelenen köçäniň açylyş dabarasy boldy. Bu köçä saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-german gatnaşyklaryny ösdürmäge uly goşant goşan belli germaniýaly kardiohirurg, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Hans Maýsneriň ady dakyldy.

Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli ýurdumyzyň sebitlerinde hem iri desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana, Mary şäherinde bolsa welaýat hem-de şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edara binasy ulanmaga berildi. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp, «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi hem-de ylmy maslahat geçirildi. Giň gerimli sergi milli saglygy goraýyş ulgamynyň okgunly ösüş depginini, Türkmenistanyň lukmançylyk ylmynda, senagatda gazanan üstünliklerini, ägirt uly kuwwatyny, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gyzyklanmasynyň artýandygyny görkezdi.

Saglygy goraýyş ulgamyny barha kämilleşdirmek babatda ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Zubida IZBASTYÝEWA,
Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu