Buýsançly köňüller

Saglygy goraýyş ulgamy kämilleşýär

08-02-2025 / 3

Mälim bolşy ýaly, 7-nji fewralda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlap geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine teleýaýlym arkaly syn etdik. Watanymyzyň geçen şanly ýyldaky durmuş-ykdysady görkezijilerine, gazanan belent üstünliklerine, ýeten sepgitlerine guwanjymyz artdy. Şunda milli saglygy goraýyş ulgamymyzda ýetilen sepgitler aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Şunuň bilen baglylykda, milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da ösdürmek boýunça işler dowam etdirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan çagalaryň kadaly ösüşini, abadan durmuşyny, saglygy goraýyş edaralaryny döwrebap enjamlar bilen üpjün etmäge gönükdirilen ynsanperwer işler dowam etdirildi. Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň, Aşgabat şäherinde Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabaralary geçen ýylyň möhüm wakalaryna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz adam saglygyny goramakda, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, derman senagatyny ösdürmekde alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, ýurdumyzda sporty ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäniň ornuny giňeltmek, ýokary sportda Türkmenistany dünýä tanatmak boýunça maksatnamalaýyn çäreleri yzygiderli alyp barmagy tabşyrdy.

Geçen ýylda türkmen halkyna mahsus ýörelgelere laýyklykda, dostlukly ýurtlaryň birnäçesiniň çylşyrymly durmuş ýagdaýynda galan çagalaryna hem ynsanperwerlik kömekleri ugradyldy. Şeýle hem ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralaryna — paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine, Ahal welaýatynyň Bäherden etrap hassahanasyna, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap hassahanasyna, Daşoguz welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine, Lebap welaýat köpugurly hassahanasyna, Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine Germaniýanyň “B.Braun” kompaniýasynyň “Dialog+” kysymly gemodializ enjamlary sowgat berildi.

Bu beýik işler ýurdumyzda ynsan saglygynyň jemgyýetiň hem döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolandygynyň we şeýle bolmagynda-da galýandygynyň, raýatlaryň abadançylygyny üpjün etmegiň bolsa döwletimizde ileri tutulýan wezipe hökmünde kesgitlenendiginiň aýdyň beýanydyr. Milli saglygy goraýyş ulgamymyzyň ösmegi, kämilleşmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Rozygül ALLAKULIEWA,
Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu