Siziň üçin...

Ylymda aýal-gyzlaryň halkara güni

11-02-2025 / 15

Bilim-ylym dünýäsinde aýal-gyzlaryň ornunyň ýokarydygyny aýratyn bellemek gerek. Şu nukdaýnazardan hem, her ýylyň 11-nji fewraly – Ylymda aýal-gyzlaryň halkara güni hökmünde dünýä jemgyýetçiliginde giňden bellenilýär.

Bu halkara güni Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda kabul eden Rezolýusiýasyna esaslanýar. Halkara güni aýal-gyzlar üçin ylma doly we deň derejede elýeterliligi hem-de oňa gatnaşmagy üpjün etmek üçin bellenilýär. Aýal-gyzlaryň ylymdaky orny taryhyň irki döwürlerinden başlanýar.

Ilkinji zenan-alhimik Mariýa Koptskaýa I asyrda Ierusalimde ýaşapdyr. Ol Aleksandriýanyň alhimiýa mekdebini esaslandyryjy hasaplanýar. Şol döwürde ylymda zenanlar ýok diýen ýaly bolsa-da, Koptskaýa kärdeşleriniň arasynda uly abraýa eýe bolupdyr. Mundan başga-da, Ada Lawleýs diňe bir zenanlaryň arasynda däl, umuman, ilkinji programmist hasaplanýar. Onuň adamsy Çarlz Bebbij kompýuteriň birinji nusgasy bolan hasaplaýjy maşyny oýlap tapypdyr. Ada bolsa onuň üçin programmany döredýär, «iş öýjügi», «sikl» adalgalaryny ulanyşa girizýär. Ylymda uly yz goýan Kýuri bolsa adamsy Pýer Kýuri bilen bilelikde radiasiýa hadysasyny açandygy üçin 1903-nji ýylda fizika ugry boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolmagy başardy. Ol radiý we poloniý elementlerini açyp, 1911-nji ýylda himiýadan hem bu baýragy alýar.
Malala Ýusufzaý — bütin dünýäde zenanlara bilimiň elýeterliligi ugrunda çykyş eden pakistanly hukukçy. 2014-nji ýylda oňa «Ýaşlara we çagalara basyşa garşy we ähli çagalaryň bilime hukugy ugrunda tagallasy üçin» parahatçylyk ugrundan Nobel baýragy berilýär. Wengriýaly alym Mariýa Telkeş 39 ýaşyndan başlap Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Massaçussets tehnologiýa institutynda Gün energiýasynyň tehnologiýasyny ösdürmek bilen meşgullanýar. Bu zenan 1947-nji ýylda termoelektrik generatoryny oýlap tapýar. Nobel baýragy hem-de ykdysady ylymlar boýunça baýragy 1901 we 2017-nji ýyllar aralygynda 49 gezek zenanlara berlipdir. Şeýle-de olaryň arasynda 20-ä golaý zenan maşgala fizika, himiýa, fiziologiýa, lukmançylyk ugurlary boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolmagy başardy. Şeýle-de häzirki wagtda hem zenanlaryň ylymda, bilimde we beýleki ugurlarda gazanýan üstünlikleri olaryň dünýä ýüzünde tutýan ornunyň beýikdigini görkezýär.
Umuman, bu halkara gününiň bellenilmeginiň maksady zenanlaryň tutýan ornuny belende çykarmaklyk däl sebäbi, asyl beýik we belent bolan hakykat hemişe-de beýik we belentdir.

Laçyn HUDAÝKULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu