![](https://turkmengazet.com/wp-content/uploads/2024/12/emblema-taze-25-780x470.jpg)
Günüň şöhlesi älemi nurlandyrýar. Döwrüň gudraty dünýäni gülledýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen beýik işler şöhratlanýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlap geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine teleýaýlym arkaly syn etdik. Watanymyzyň geçen şanly ýyldaky durmuş-ykdysady görkezijilerine, gazanan belent üstünliklerine, ýeten sepgitlerine guwanjymyz artdy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisde «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» tassyklamak bilen bagly Karara gol çekdi. Maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda we paýtagtymyzda ençeme desgalardyr binalaryň gurluşygyna başlanar, şolaryň birnäçesi bolsa şanly ýylda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berler.
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin taýýarlyk işlerini alyp barmak, ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin amatly şertleri döretmek, ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak üçin bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, Bitaraplygymyzyň şanly senesi mynasybetli ýubileý medalyny hem-de ýadygärlik nyşany döretmek boýunça degişli işleri geçirmek bolsa medeniýet, ylym-bilim, kanunçylyk ugurly edaralaryň öňünde goýlan wajyp wezipeleriň hataryndadyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Hökümetiň giňişleýin mejlisindäki çykyşynda: «Şu ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu şygar uly many-mazmuna eýe bolup, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýar» diýip bellemek bilen, ýylyň şygaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin tutanýerli zähmet çekmäge çagyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň bu çagyryşy her birimiziň watançylyk ruhumyzy has-da belende göterýär.
Allanur ÇARYHANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby.