![](https://turkmengazet.com/wp-content/uploads/2024/02/bilim-mekdep-g-780x470.jpg)
Gahryman Arkadagymyz: «Häzirki wagtda ylym-bilimi ösdürmezden, çylşyrymly tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamazdan, dünýäniň okgunly ösüşine goşulmak, döwür bilen aýakdaş gitmek asla mümkin däl» diýip belleýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek we ýaş hünärmenleri taýýarlamak meselesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir.
Umumybilim berýän orta mekdeplerimizde ýokary synp okuwçylaryny hünärlere gönükdirmek boýunça bilim-terbiýeçilik işlerini yzygiderli we döwrüň ýokary talaplaryna laýyk derejede alyp barmak we kämilleşdirmek, ýaş nesilde zähmetsöýerligi terbiýelemek her bir maşgalanyň, bilim-terbiýeçilik edaralarynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir. Munuň özi döwletimizde bilim ulgamyny döwrebap ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işleriň iňňän uzaklary nazarlaýandygyny hem-de çuňňur mana eýedigini görkezýär.
Ýaşlary, aýratyn hem ýokary synp okuwçylaryny hünärlere ugrukdyrmakda mugallym diňe bir hünärler barada bilim bermek bilen çäklenmän, eýsem, okuwçylaryň ol bilimleri nähili derejede özleşdirýändiklerine-de üns bermelidir. Okuwçylara hünär barada bilim bermekde synpdan daşary geçirilýän çäreleriň ähmiýeti örän uludyr. Sapakdan daşary geçirilýän çäreler okuwçylaryň islegleriniň esasynda guralýar. Bu bolsa olaryň hünärler baradaky garaýyşlarynyň ösmegine täsir edýär. Hünär barada bilim bermek işlerinde diňe bir hünärler bilen tanyşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ýokary synp okuwçylarda hünäre bolan söýgini hem kemala getirmelidir.
Dürli hünärler boýunça işleriň mazmuny, häsiýeti, şerti bilen ýakyndan tanyşmakda gezelençleriň ähmiýeti uludyr. Ýaşlar gezelenç wagtynda önümçilikde alnyp barylýan işleriň yzygiderliligini synlamak bilen, olar barada düşünje alýarlar we hünärmeniň işi bilen ýakyndan tanyşýarlar. Bularyň hemmesi geljekki hünärmenlerde öz hünärine bolan islegi artdyrýar.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biziň ýaşaýan döwrümiziň iň gymmatly baýlygy, iň güýçli gudraty bilimdir. Ýaşlara berilýän bilimiň we ylmyň kämil bolmagy giň dünýägaraýyşly nesilleriň kemala gelmegine şert döredýär. Hünäre ugrukdyrmak işi ýaşlaryň höweslerine, islegine, meýillerine, ukyp-başarnygyna baglylykda durmuşa geçirilmeli. Öz hünärine ussat adamlar şahsyýet derejesinde kemala gelmek bilen, jemgyýetiň ösüşine öz mynasyp goşandyny goşmagy başarýarlar. Geljekki meşgullanjak hünäriňi dogry saýlap almak işiň netijesine özboluşly täsir edýär.
Ýaşlaryň özüne mynasyp hünär saýlap bilmegi ynsan durmuşynyň iň bir möhüm meseleleriniň biri bolmak bilen, bu işe ata-eneler, mugallym-halypa hem özboluşly goşant goşmalydyr. Ýaşlaryň göwün söýen hünärlerini ele almaga ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Annasoltan ÇARYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Pedagogika fakultetiniň Psihologiýa-pedagogika bilimi hünäriniň magistranty.