![](https://turkmengazet.com/wp-content/uploads/2023/11/oba-hojalllygyyg-780x470.jpg)
Häzirki wagtda oba hojalygyny ylmy esasda alyp barmak boýunça hem uly işler amala aşyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagy ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy, ony düýpli üýtgedip guramaga kanuny esaslar döredildi. Şunda dünýäniň ösen tehnologiýalary, ylmyň we tehnikanyň, öňdebaryjy tejribäniň gazananlary ata-babalarymyzyň ekerançylykda asyrlarboýy toplan tejribesi bilen utgaşdyrylyp, önümçilige giňden ornaşdyrylýar.
Ýurdumyzyň oba hojalyk önümçiligini köpugurly esasda ösdürmek, däneçilik, pagtaçylyk, gök ekerançylyk, maldarçylyk, guşçulyk ýaly ugurlar boýunça degişli gatlaklary döretmek, möhüm önüm öndürijileriň, gaýtadan işleýänleriň hem-de hyzmat düzümleriniň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak meselelerine uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen kuwwatly tehnikalar satyn alynýar, gowaçanyň, bugdaýyň we beýleki ekinleriň has ýokary hasylly, kesellere çydamly görnüşleriniň döredilmegine giňden goldaw berilýär. Ýygnalan hasyly kabul etmek hem saklamak, gaýtadan işlemek üçin täze elewatorlar, ammarlar, kärhanalar gurlup ulanmaga berilýär.
Oba hojalyk ekinleriniň täze görnüşleriniň dolanyşyga girizilmegi ýurdumyzda ekerançylygy täzeçil esasda ösdürmegiň strategiýasynyň esasy ugry bolup durýar. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynda güýzlük bugdaýyň «Serdar», «Arkadag», «Pyragy» atly täze sortlarynyň döredilmegi hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär.
Oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe-ykdysady taýdan goldamaga döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Munuň özi olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Ekerançylara dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryndan oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlary satyn almak üçin ýeňillikli esasda karzlar berilýär. Hormatly Prezidentimiziň Kararlaryna laýyklykda, oba hojalyk toplumyny ulgamlaýyn dolandyrmak, onuň işini kämilleşdirmek maksady bilen, däneçilik, ekerançylyk, pagtaçylyk ylmy-barlag institutlary döredilip, Oba hojalyk ministrliginiň guramaçylyk düzümi döwrebaplaşdyryldy. 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy ekerançylarda mundan beýläk-de yhlasly zähmet çekmäge höwes döretdi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň ussat gallaçylary geçen ýyl Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Bu ajaýyp zähmet üstünligi döwlet Baştutanymyzyň oba zähmetkeşleri barada edýän hemmetaraplaýyn aladalarynyň, obasenagat toplumyny depginli ösdürmäge, onuň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmaga, geljegi nazara almak bilen, pudagy düýpli özgertmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň aýdyň netijesidir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, şol sanda oba hojalyk toplumynda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarmaga, halkymyzyň abadan ýaşaýşy, has-da öndürijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleri döretmäge, döredijilik kuwwatyny netijeli ulanmaga gönükdirilendir.
Yhlas JUMAKULYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň oba hojalygynyň mehanizasiýasy hünäriniň talyby.