![](https://turkmengazet.com/wp-content/uploads/2024/12/emblema-taze-25-780x470.jpg)
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler, ýetilýän sepgitler halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar. 2025-nji ýylyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda dünýä derejesinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi guwandyryjy ýagdaýdyr.
Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň biragyzdan ykrar edilenine hem 30 ýyl dolýar. Bu şanly sene ýurdumyzyň täze taryhyna şöhratly sahypa bolup ýazylar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan ― Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Bitaraplyk syýasatynyň mazmunyna, şol bir wagtyň özünde, halkymyzyň lebzihalallyk, ynsaplylyk, dostluk, sahawatlylyk, açykgöwünlilik, myhmansöýerlik, goňşyçylyk ýaly ajaýyp ýörelgeleri siňendir» diýlip bellenilýär. Hut şu ýörelgelere esaslanylyp, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygyna, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan döwründen bäri halkara derejede ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Häzirki wagta çenli Milletler Bileleşiginde Türkmenistanyň başlangyjy bilen Kararnamalaryň 30-a golaýynyň kabul edilmegi bolsa aýratyn bellärliklidir.
Bilşimiz ýaly, ýakynda Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutulýan ugurlarynyň Konsepsiýasy tassyklanyldy. Bu resminama hormatly Prezidentimiziň Permany bilen döredilen guramaçylyk döwlet topary tarapyndan taýýarlanyldy. Oňa Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýolbaşçylyk edýär. Topar ýurdumyzda we beýleki döwletlerde halkara çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk işlerini alyp barýar. Konsepsiýada beýan edilip, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzüm birlikleri bilen bilelikde geçiriljek halkara çäreler ýurdumyzyň abraýyny has-da belende göterer. Munuň özi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine hem giň ýol açar.
Türkmenistanyň öňe sürýän ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen oňyn başlangyçlary parahatçylyk we ylalaşyklylyk diplomatiýasynyň ilerledilmegine uly goşantdyr. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etdi. 2024-nji ýylda ýylda Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl ― Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.
Goý, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ata Watanymyz, bagtyýar halkymyz üçin asudalygyň, agzybirligiň, uly üstünlikleriň ýyly bolsun! Dünýäde parahatçylyk söýüjilikli syýasaty dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Jemal AGAMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň tikin önümçiliginiň tehnologiýasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.