![](https://turkmengazet.com/wp-content/uploads/2025/02/galkyn-taze-780x470.jpg)
Häzirki döwürde ahalteke bedewi täze taryhy döwrümiziň ganatyna öwrülip, ata Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygyny alamatlandyrýar. Şoňa görä-de, ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygynda saparda bolan günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzyň buýsanjyny, toý şatlygyny goşalandyrdy.
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda ýeňiji bolmagy täze taryhy döwrümiziň hem ajaýyp üstünligidir. Bu meşhur topar halkara festiwalda Baş baýraga, ýaş ýetginjek eminleriň, Italiýanyň sirkiniň, festiwalyň tomaşaçylarynyň, Hindistanyň sirkiniň baýraklaryna hem-de Monte-Karlo 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň şahadatnamasyna mynasyp boldy.
«Galkynyşyň» oglan-gyzlarynyň bedewlere ussatlyk bilen erk edip, at üstünde ýerine ýetirýän dürli tilsimleri milli sirk sungatymyzyň özboluşly aýratynlygydyr. Bu topar 2007-nji ýylda Milli Liderimiziň tagallasy esasynda döredildi. Toparyň dünýäniň dürli ýurtlarynda çykyş edip, sirk sungaty boýunça birnäçe abraýly halkara baýraklara, şol sanda 2013-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen «IDOL» bütindünýä sirk sungaty festiwalynda, 2014-nji ýylda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen XVI halkara sirk festiwalynda, 2015-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynda guralan II halkara sirk sungaty festiwalynda, 2016-njy ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň II bütindünýä oýunlarynda baş baýraklara, 2018-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde bolan Fontankadaky I halkara sirk sungaty festiwalynda «Altyn Gaetano» altyn heýkeljigine mynasyp bolandygyny bellemek gerek.
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary milli sungatymyzy dünýäde giňden tanatmaga uly goşant goşmak bilen bir hatarda, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan dabaralarda, şanly seneler mynasybetli guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde çykyş edip, halkymyzyň söýgüsine mynasyp bolýar. Goý, köňül buýsanjymyza, ýürek telwasymyza öwrülen bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä nusgalyk derejä göteren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, beýik işleri elmydama rowaç bolsun!
Yhlas JUMAKULYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň oba hojalygynyň mehanizasiýasy hünäriniň talyby.