![](https://turkmengazet.com/wp-content/uploads/2025/01/Magtymguly-yasuly-780x470.jpg)
Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, welaýatymyzyň gündogar etraby bolan Kerki etrabynda hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň öňüsyrasynda halkymyza gowşan «Magtymguly ― dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Şeýle dabaralaryň biri ýakynda etrabyň medeniýet merkezinde il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň, çeper döredijilik bilen meşgullanýan raýatlaryň, şeýle hem bilim we saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleriniň, ýaşlaryň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşmagynda uly şatlyk-şowhuna beslenip geçirildi.
Şöhratly wakalara beslenýän günlerimizde hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly ― dünýäniň akyldary» atly çuň manyly täze kitabyny elimize almagymyz göwünlerimizi has-da joşduryp, bizi zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Munuň özi şygyrlary umumadamzat gymmatlygyna öwrülen akyldar şahyrymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sarpasynyň has hem belent tutulýandygynyň guwandyryjy beýanydyr. Ylmyň we çeper edebiýatyň muşdaklaryna, Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenijilere hem-de giň jemgyýetçilige niýetlenen bu ajaýyp kitap bagtyýar halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly sowgada öwrüldi.
Çykyşlarda nusgawy şahyrymyzyň dünýä halklarynyň ýürek telwasyna öwrülen «Türkmeniň» atly ajaýyp goşgusy bilen açylýan kitabyň ilkinji sahypalarynda Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly çuňňur filosofik pikirlere ýugrulan goşgusynyň ýerleşdirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigi barada, kitapda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly kabul edilen resminamalaryň, hormatly Prezidentimiziň şanly wakalar mynasybetli gutlaglarynyň we çykyşlarynyň bolmagy ony Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyny öwrenmekde gymmatly çeşmä öwrülýändigi barada giňişleýin durup geçdiler.
Dabaranyň dowamynda etrabyň medeniýet bölüminiň aýdymçylarynyň ajaýyp zamanamyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işlerini wasp edip, belent äheňde ýerine ýetiren aýdymlary oňa gatnaşyjylaryň göwünlerini galkyndyrdy. Olar halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin irginsiz aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik tutumlarynyň rowana ýollarda rowaçlyklar beslenmegini arzuw etdiler.
Arzuw RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.