Siziň üçin...

Çagalaryň mekdebe psihologiki taýýarlygynyň ylmy esaslary

06-02-2025 / 37

Garaşsyz Diýarymyzyň körpe nesliniň milli terbiýeli we döwrebap sowatly ýetişdirilmegi ugrundaky okuw-terbiýeçilik işleri mekdebe çenli çagalar edaralarynda sazlaşykly we toplumlaýyn esasda alnyp barylýar. Şunda çagalaryň mekdebe psihologiki taýýarlygyny kämilleşdirmek möhüm wezipeleriň hataryndadyr. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň tejribesinde çagalar bagy bilen mekdebiň arasyndaky gatnaşyga uly orun degişlidir.

Mugallymlaryň çagalar baglaryndaky mekdebe taýýarlaýyş toparynyň işleri, çagalaryň bilim derejeleri we ukyp-başarnyklary bilen tanyşmagy, çagalar baglarynda geçilýän sapaklara gatnaşmagy, okuw ýylynyň başynda we ahyrynda mekdebe taýýarlaýyş toparyň çagalaryny synlamagy, olaryň käbirleri bilen söhbetdeşlik guramagy, mekdebe taýýarlaýyş toparyň işiniň alnyp barlyşy baradaky geçirilýän maslahatlara gatnaşmagy işiň maksadalaýyk we ýokary netijeliligi bolmagyna getirýär.

Terbiýeçileriň hem öz gezeginde öz sowat beren we terbiýelän çagalaryny okuwyň ilkinji aýlarynda synlamagy olaryň täze topara ýagny mekdep synpyna nähili öwrenişýändigini, 1-nji synpyň okuw meýilnamasyny nähili özleşdirýändiklerini, olaryň kynçylyklara döz gelişleri we kämilleşýändikleri bilen tanyşmak üçin 1-nji synpyň ýetişigi boýunça geçirilýän maslahata gatnaşmagy maksadalaýykdyr. Şeýle-de terbiýeçiler mekdebiň talabyny öwrenmelidir hem-de öz işinde olardan ugur almalydyr.

Mekdebe taýýarlaýyş toparyndaky çagalaryň hem-de mekdep okuwçylarynyň arasyndaky gatnaşyk okuw ýylynyň dowamynda alnyp barylmalydyr. Mekdebe taýýarlaýyş toparlarynyň çagalaryny mekdep durmuşy bilen ýeterlik tanyşdyrmak, olaryň mekdebe bolan söýgüsini, okuwa bolan höwesini artdyrmak hem-de göreldeli okuwçylara meňzemeklerini gazanmaklyk bolsa mekdebe taýýarlanýan çagalaryň mekdep baradaky ilkinji düşünjelerini giňeltmeklige ýardam edýär. Mekdebe gezelençleri guramak, mekdebiň mirashanalaryna, kitaphanalaryna gitmek, mekdep bilen bilelikde açyk sapaklaryny we çäreleri geçirmek, çagalar bagynda öň terbiýelenen çagalar bilen we başlangyç mugallymlary bilen duşuşyklary guramak arkaly ýerine ýetirip bilner.

Şeýle ajaýyp zamanada çagalaryň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy ugrunda ähli mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän, bilim işgärleriniň hünär babatda kämilleşip tejribelerini artdyrmaga aýratyn ähmiýet berýän Alym Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!

Şerapat ÖWEZOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Pedagogika fakultetiniň Psihologiýa-pedagogika bilimi hünäriniň magistranty.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu