Buýsançly köňüller

Saglygymyz — bagtyýarlygymyz

03-02-2025 / 8

Her bir güni bedew batly ösüşlere beslenýän mähriban Watanymyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekligi ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezmek bolar. «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýýän halkymyzyň saglygyny goramak boýunça işler saglygy goraýyş ulgamyny ähli taraplaýyn yzygiderli ösdürmek, jemgyýete sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, adam saglygyna ýaramaz täsir edýän endiklere garşy göreşmek ýaly çäreler bilen utgaşykly durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak baş wezipedir. Bu wezipe ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk häzirki zaman lukmançylyk merkezleri guruldy, saglygy goraýyş ulgamynyň infrastrukturasy döwrebaplaşdyrylýar. Bularyň ählisi ilata halkara standartlara laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemäge gönüden-göni ýardam berýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ilatynyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan işlerimiziň esasy maksadydyr» diýmek bilen, ilatyň saglygyny, beden hem ruhy taýdan sazlaşykly ösüşini gazanmak barada tagallalaryny gaýgyrmaýar. Döwrebap saglyk öýleriniň, hassahanalaryň, ylmy-kliniki merkezleriň, sport maksatly desgalaryň gurlup ulanmaga berilmegi munuň subutnamasydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy öňde goýlan ynsanperwer maksatlary durmuşa geçirmekde wajyp ähmiýete eýedir. Bu maksatnama milli saglygy goraýyş ulgamynyň düýpli ilerlemegine, belent ösüşleriň gazanylmagyna itergi bermek bilen, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýan adamyň saglygyny goramak baradaky aladany öz içine alýar. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp taglymatlaryň dabaralanýandygyny görkezýär.

Saglygy goraýyş ulgamyny barha kämilleşdirmek babatda ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Dildara HOJAMBERDIÝEWA,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu