![](https://turkmengazet.com/wp-content/uploads/2025/01/terbiye-ene-780x470.jpg)
Bagtyýar nesilleriň watançylyk ruhly, ynsanperwer garaýyşly asylly sypatlarda kemala getirilmeginde ata-babalarymyzyň milli terbiýe ulgamyndan ugur alynýar. Şoňa görä-de, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine ýetirmekde, onuň kämil bolmagynda ata-enäniň orny uludyr. Olar çaga terbiýesinde milli oýunlary, sanawaçlary, matallary ulanyp durmalydyrlar. Başlangyç synplarda bu has-da möhüm talap bolup durýar.
Çaga özüne erteki aýdyp berilmegini, goşgy, sanawaç öwredilende olary ýat tutup, ata-enesine aýdyp berip, olaryň diňlemegini, suratly kitaplara seredip, özleri bilen gürrüň edilmegini isleýär. Sözleýşiň kämil bolmagynyň binýady ilki maşgalada, soňra çagalar bagynda alnyp barylýan işleriň esasynda goýulýar. Çaga üçin möhüm bolan bu iki tarapyň özara hyzmatdaşlygy zerurdyr.
Çaga terbiýesinde ata-eneleriň hem öňünde uly borç durýar. Her bir maşgala öz çagasynyň ösüşi, terbiýesi üçin jogapkärçilik çekýär, döwletimiz bolsa maşgalanyň öz borçlaryny ýerine ýetirmegi, çaganyň ýaşamagy, goraglylygy we kadaly ösmegi üçin ähli şertleri döredip, olara uly ýardam berýär.
Şahyrana halk döredijiligimiziň çaga durmuşy, çaga oýunlary bilen baglanyşykly görnüşleriniň biri ertekiler we sanawaçlardyr. Gadymyýete ýüzlensek, çagalara ertekidir gyzykly gürrüňleri bermekde zenanlaryň orny uludyr. Ene-mamalarymyz tikin-çatyn, ik egirmek ýaly işler bilen gümra bolanlarynda hem öz ogul-gyzlaryna, agtyklaryna tä uklap galýançalar gyzykly gürrüňleri, ertekidir rowaýatlary, durmuşy hekaýajyklary aýdyp beripdirler, sanawaçlary öwredipdirler. Olar aýdyp berýän wakalaryny “janlandyryp” görkezmäge, ýagny her sözi öz heňinde, öz äheňi bilen labyzly edip aýdyp, gahrymanlarynyň hereketlerini suratlandyrmagy başarypdyrlar. Bu bolsa çagalaryň sözleýiş başarnyklarynyň ösmegine ýardam edipdir.
Ata-enäniň çagalar bilen alyp barýan işleriniň, okap berýän çeper eserleriniň, halk döredijilik eserleriniň görnüşleriniň sapaklarda ulanylmagy, olary körpeleriň ýadyna salmagyna, gaýtalamagyna, öwrenen maglumatlarynyň berkemegine ýardam edýär. Umumybilim berýän orta mekdepleriň başlangyç synplarynda maşgala bilen hyzmatdaşlyk bilim-terbiýe meselesinde utgaşyp, alnyp barylýan işleriň ilerlemegine uly täsirini ýetirýär.
Suraý GAÝYPOWA,
Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirlen 3-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.