Buýsançly köňüller

Dokma senagaty — üstünlikli ösüşiň ugry bilen

06-02-2025 / 18

Ykdysady kuwwatyň uly serişdelerini özünde jemleýän, ýokary hilli harytlary çykarmaga ugur alan, ekologiýa taýdan arassa iň güýçli tehnologik önümçilikler halkara bazarlarynda Türkmenistanyň dokma önümleriniň ýokary abraýyny üpjün edýär. Türkmen dokma önümleri arassa, nah matalara isleg bildirýän sarp edijileriň ünsüni özüne çekýär.

Iň oňat inženerçilik çözgütleri esasynda, tehnikanyň iň täze gazananlary bilen enjamlaşdyrylan täze kärhanalar kuwwatly dokma senagaty bolan döwlet hökmünde ornuny berkidýän hem-de dünýä bazarynda mynasyp orny eýeleýän ýurdumyzyň kuwwatynyň we mümkinçiliginiň nyşanydyr. Bu yzygiderli önümçiligiň täsin kärhanalary öz gurluşy we taýýarlanyş tehnologiýasy boýunça bir wagtda daşary ýurtlara ugratmaga niýetlenen dürli önümleri çykarmaga ukyplydyr. Ýurdumyzyň dokma senagaty kärhanalarynda pagta süýümi, nah ýüplük we matalar, taýýar tikin we trikotaž önümleri, çagalar we ulular üçin lybaslaryň dürli görnüşleri, ýüpek, ýüplük we sapaklar, panbarhat, milli keteni matalary öndürilýär.

Milli dokma senagatynyň önümleri isleg-talaplary barha ösýän sarp edijileriň talaplaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. Dokma harytlarymyz ekologiýa taýdan arassalygy, gelşikli dizaýny, ýokary hili, döwrebaplygy, bahasynyň elýeterliligi bilen bazarlarda uly islege eýedir. Dokma kärhanalarynyň dizaýnerleri nah we garyşyk matalardan çagalar we ulular üçin amatly, göze gelüwli egin-eşikleri taýýarlaýarlar. Önümiň täze tapgyry döredilende, möwsümleýin talaplar we alyjylaryň islegi göz öňünde tutulýar. Şunda, esasan, hil-rahatlyk — oňaýlylyk ýaly marketing ýörelgesinden we amatly nyrh syýasatyndan ugur alynýar.

Senagat toplumynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy we innowasion esasda ýola goýulmagy ýurdumyzyň importynyň düzümini kämilleşdirmäge düýpli itergi berýär. Ýurdumyzyň dokma senagaty dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri çykarýan, eksport ugurly pudaklaryň biri bolup durýar.Ýurdumyzyň sebitlerindäki tikinçilik önümçilikleriniň durkuny toplumlaýyn täzelemek we döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän giň möçberli işler ilatyň isleglerini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, pudaklaýyn düzümleriň iri buýurmalaryny hem ýokary hilli ýerine ýetirmäge gönükdirilendir.

Jemläp aýdanyňda, bu pudakda alnyp barylýan işler milli dokma harytlarynyň dünýä bazarynda has-da giňden tanalmagyna we öňe ilerlemegine ýardam eder. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmakda örän uly işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun!

Mamagül DURDUMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň Tikin önümçiliginiň tehnologiýasy hünäriniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu