![](https://turkmengazet.com/wp-content/uploads/2024/02/bilim-okuwcy-780x470.jpg)
Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlarynyň, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda milli ylym-bilim ulgamy döwrüň ösen talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Şunda bilim edaralarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimiň hiliniň ýokary derejesini üpjün edýär.
Milli tejribelerimize eýerip, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryna daýanyp, milli bilim ulgamyny özgertmek ugrundaky döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» öňde goýlan maksatlar okatmagyň usulyýetini has-da ösdürmäge, döwrebap usullary peýdalanmaga giň mümkinçilikleri döredýär.
Halkara gatnaşyklaryň barha giň gerime eýe bolmagy dünýä dillerini kämil bilýän, ösen tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan ýaşlaryň kemala gelmegini talap edýär. Şu jähetden, bilim ulgamynyň barha çalt ösýän döwründe mekdep okuwçylarynyň daşary ýurt dillerine erk edişini kämilleşdirmek möhüm wezipeleriň biri bolup, daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça geçilýän sapaklarda täze usullardan peýdalanylýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda çagalaryň we ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zehin-başarnyklaryny döredijilikli işlere gönükdirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär, okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň mazmuny baýlaşdyrylýar. Okuw işine interaktiw-multimedia enjamlary, sanly tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Täze açylýan mekdeplerde okuwçylaryň netijeli okamagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, mugallymlaryň talabalaýyk işlemegi üçin oňaýly şertler bar.
Biz — mugallymlar özümiz hakda edilýän hemmetaraplaýyn alada döredijilikli we yhlasly zähmetimiz bilen jogap berip, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen amala aşyrylýan özgertmelere mundan beýläk-de mynasyp goşant goşmaga çalşarys. Ýaş nesillere bilim-terbiýe bermek babatda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Ogulnur BÖRIÝEWA,
Köýtendag etrabynyň 45-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.