![](https://turkmengazet.com/wp-content/uploads/2025/02/sirk-780x470.jpg)
Heňňamyň islendik döwrüne nazar aýlanyňda, merdana halkymyzyň öz bedew aty bilen taryha girendiginiň şaýady bolýarsyň, kalbyňy ýakymly buýsanç duýgusy eýeleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty, at-owazasy bütin dünýä ýaň salýar. Muňa «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň 2013-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen «IDOL» bütindünýä sirk sungaty festiwalynda, 2014-nji ýylda Italiýanyň Latina şäherinde geçen XVI halkara sirk festiwalynda, 2015-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynda guralan II halkara sirk sungaty festiwalynda, 2016-njy ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň II bütindünýä oýunlarynda baş baýraklara, 2018-nji ýylda Sankt-Peterburg şäherinde ilkinji gezek geçirilen Fontankadaky I halkara sirk sungaty festiwalynda «Altyn Gaetano» altyn heýkeljigine mynasyp bolandygyny aýratyn nygtamak zerur. Bu hakda Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygynda saparda bolan mahaly «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşygyndaky çykyşynda hem aýratyn bellenip geçilýär.
Bu toparyň pederlerimiziň gadymy at üstündäki oýunlaryny gaýtadan dikeltmekde, dünýä ýaýmakda ägirt uly üstünlik gazanýandygy has hem buýsandyrýar. Gadymy döwürlerde milli toý-baýram dessury hökmünde belli bolan at üstündäki oýunlar halkymyzyň milli mirasydyr. Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda türkmen jigitleriniň ýel ýaly ýyndam bedewleriň üstünde edýän ýelgamak deý hereketleri, çylşyrymly çykyşlary dünýä jemgyýetçiligini haýran galdyrdy. Bu toparyň täsirli çykyşlarynda bolsa şol gadymy oýunlardyr dessurlar döwrebap görnüşde şöhlelenýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň turuwbaşdan ägirt uly üstünlik bilen badalga almagy gowulykdan nyşan. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan bu halkara üstünligi bagtyýar halkymyzyň göwünlerini ganatlandyrdy. Halkymyzda bolsa toýuň toýa, üstünligiň üstünlige ulaşýandygyna bolan ýagşy ynam bar.
Göwher MÖWLÝAMOWA,
TMÝG-niň Köýtendag etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.