![](https://turkmengazet.com/wp-content/uploads/2025/02/Halkara-inlis-dili-guni-780x470.jpg)
Häzirki wagtda durmuşymyzy tehnologiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Elbetde, daşary ýurt dilini öwretmekde hem tehnologiýany ulanmak örän möhümdir. Tehnologiýa daşary ýurt dillerini öwrenmekde, dil öwrenişini ösdürmekde, okamak, ýazmak, diňlemek we gürlemek ýaly endiklere has tiz we aňsat düşünmekligi üpjün edyär. Sebäbi tehnologiýa çäksiz maglumat çeşmeleri bilen üpjün edilendir.
Sözleýiş endiklerini öwretmegiň esasy maksady aragatnaşyk netijeliligi bolup durýar. Dil öwrenýänler häzirki başarnyklaryny ulanyp, dürli diller bilen bir hatarda, inlis dilini hem özleşdirip bilerler. Okuwçylara gürlemekde kommunikatiw netijeliligi ösdürmäge kömek etmek üçin mugallym dil girişini we kommunikatiw öndürijiligi birleşdirýän çäreleri ulanyp biler. Şoňa görä-de, mugallym minimal jogaplary ulanmak, ýazgylary seljermek we dil hakda gürleşmek üçin okuwçylara gürlemek düzgünlerini öwredýär.
Okuwçylaryň sözleýiş endiklerini ösdürmek üçin sapakda dürli sözleýiş çäreleri ulanylyp bilner. Sözleýiş endiklerini ösdürmek babatda göz öňüne tutulan düzgünler okuwçyny beýleki okuwçylar, şeýle hem jemgyýetdäki adamlar bilen gürleşmäge we diňlemäge höweslendirmegi öz içine alýar.
Sözleýiş endiklerini ösdürmage niýetlenen çäreler maglumat alyşmak, gürleşmegi ösdürmekden ybaratdyr. Sapak okamak ýa-da ýazmak endiklerini ösdürmäge gönükdirilen halatynda ol sözleýiş endiklerini ösdürmek üçin geçilýän derslere goşulmalydyr. Okuwçylaryň başarnyklaryny ösdürmek mugallymyň wezipesi bolup duryar. Sözleýiş endiklerini ösdürmäge niyetlenen çäreleriň janly ýagdaýda, interaktiw we gyzykly guralmagy oňat netije gazanmagyň şertidir.
Täze taryhy döwrümizde ýaşlaryň daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmekleri, şolaryň netijesinde hem dünýä derejesinde bilim almaklary möhüm wezipedir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen dünýä halklarynyň dillerini öwrenmekde uly netijeler gazanylýar. Bu işler Diýarymyzy täze ösüşlere ýetirýär, mähriban halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Jennet ALLANAZAROWA,
Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň 40-njy orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.