Buýsançly köňüller

Dünýä sirkiniň buýsanjy

05-02-2025 / 33

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 19-20-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Monako Knýazlygynda saparda boldy. Gahryman Arkadagymyzyň sport ýaryşlarynyň guralýan mekanyna bolan saparynyň dowamyndaky bellenilmäge mynasyp wakalaryň biri-de, Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagydyr. 

Turuwbaşdan bellesek, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Gahryman Arkadagymyzyň adyndan 17 müň ýewro, hormatly Prezidentimiziň adyndan 3 million manat möçberinde pul sowgady gowşuryldy. Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýsi — topar ýolbaşçysy S.Pygyýewe «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy. Şeýle-de bu topara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezine 10 günlük dynç alyş ýollanmasy, sport egin-eşikler toplumy, döwrebap tehnologiýalary özünde jemleýän enjamlar toplumy, ajaýyp türkmen halysy sowgat hökmünde gowşuryldy.

Gahryman Arkadagymyz toparyň agzalary bilen duşuşygyndaky çykyşynda: «Behişdi bedewlerimiz ençeme asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ýakyn syrdaşy bolmak bilen, ýurdumyzyň ösüşleriniň beýanyna öwrüldi. Ata-babalarymyzyň «At — myrat», «Atym bar — ganatym bar» ýaly parasatly sözleri halkymyzyň bedewlere goýýan hormatyndan nyşandyr» diýmek bilen, bu toparyň agzalaryny Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda gazanan uly üstünligi, beýik ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady.

1974-nji ýylda esaslandyrylyp, Monte-Karlo şäherinde 47-nji gezek geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýaşyl Tugumyzy al-asmanda parlatmagy ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterdi. Ýeri gelende bellesek, 2007-nji ýylda Milli Liderimiziň tagallasy bilen döredilen bu topar 2013-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde, 2014-nji ýylda Italiýanyň Latina şäherinde, 2015-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynda, 2016-njy ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpan-Ata şäherinde geçirilen halkara festiwallardyr bütindünýä oýunlarynda baş baýraklara eýe bolupdy. Şeýle hem 2018-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde ilkinji gezek geçirilen Fontankadaky I Halkara sirk sungaty festiwalynda «Altyn Gaetano» altyn heýkeljigini eýeläpdi. Bu görkezijiler Gahryman Arkadagymyz tarapyndan täzeden dikeldilen milli sirk sungatymyzyň ösdürilýändiginiň, şonuň bilen birlikde hem Milli Liderimiziň atçylyk sportuny ösdürmekdäki oňyn başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky aýdyň beýanydyr.

Jemläp aýdanyňda, Milli Liderimiziň Monako Knýazlygyna amala aşyran sapary, ahalteke bedewlerimiziň dünýäniň sirk arenasynda çarpaýa galyp, sylag-serpaýlara mynasyp bolmagy halkara parahatçylygy berkitmek babatda gazanýan üstünliklerimiziň, meşhur türkmen bedewleriniň şöhratynyň barha dabaralanýandygynyň aýdyň alamatydyr. Dünýäde ählumumy abadançylygyň hatyrasyna parasatly başlangyçlary öňe sürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Muhammet GARAJANOW,
Daşoguz şäheriniň 5-nji çagalar bakja-bagynyň aýdym-saz ýolbaşçysy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu