Siziň üçin...

Döwrebap saglyk hyzmatlary ― halkyň bähbidine

01-02-2025 / 23

Hormatly Prezidentimiz adamlaryň sagdyn bolmagy ugrunda uly tagallalar edýär. Halkyň saglygyny goramak we ömür dowamlylygyny artdyrmak maksady bilen şypahanalar, saglygy goraýyş merkezleri, hassahanalar gurlup ulanylmaga berilýär. Şeýle dynç alyş we saglygy dikeldiş merkezleriň biri-de «Farap» şypahanasydyr. «Farap» şypahanasy bejeriji mineral suwy bilen lukmanlaryň gözegçiligi esasynda daýanç-hereket, dem alyş, iýmit siňdiriş, ýürek-damar, nerw, endokrin, aýal keselleri, deri, böwrek, peşew ýollary bilen baglanyşykly keselleri bejerip, ilata hyzmat edip gelýär.

Şypahanada duz bilen bejerýän galoterapeýa otagy has kän isleg bildirilýän bölümleriň biridir. Tutuş sütüni Köýten daglaryndan ýörite getirilen şypaly duzlardan ybarat bolan bu otag, esasan hem ýokary dem alyş ýollarynda we öýken sowuklamalaryny geçiren näsaglara nepi degýär. Galoterapeýanyň bejeriş ähmiýeti bilen ýokary dem alyş ýollarynyň sowuklama, gaýnaglama hadysalary peselýär. Mundan başga-da, dem alyş ýollarynyň ýardamynda ganymyzy kislorod bilen baýlaşdyrýar. Gelýän adamlar bu otagda guragyrysyna, zob ýaly kesellerine em tapýarlar. Bu bejergi täsirleri otagyň mikroelementlere baý dag duzly daşlarynyň ýardamy bilen bolýar.

Şypahananyň ýene bir esasy aýratynlygy täze ýola goýlan gidromassaž bejergisidir. Bu bejergide Türkmenistanyň derde derman ösümliklerinden ybarat bolan suwly wannalar ýokary hilli hyzmat edýär. Esasan hem, wannalarda dünýä belli buýan köki ulanylýar. Buýan köküniň düzüminde glissirizin maddasy bolmak bilen, ol adam bedeninde imonowotulýator täsirini ýüze çykarýar. Netijede, bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukyby artýar.

Farap şypahanasy I-II derejeli arterial gipertoniýa, ýürek işemiýa keseline, merkezi we çetki degna ulgamlarynyň keselleri, doga we ýolugan degna ysmazlyklary, insult geçiren, süýji keselli, dowamly gastrit, duodenit, pankreatit, holesistit, öt ýollarynyň diskineziýasynda, inçe we ýogyn içegäniň dowamly sowuklama, dowamly artritler, rewmatizm, dermatitler, ekzemalar ýaly keselli näsäglara örän peýdaly bolup, doly derejede bejergi berýär.

Şypahanada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan ― melhemleriň mekany» hem-de «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik kitaplaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň ähli tebigy bejeriji serişdeleri (mollagara palçygy, deňiz duzlary, wulkan palçyklary, dermanlyk otlary) bilen toplumlaýyn bejergiler ýola goýlandygyny aýtsak, has-da ýerlikli bolar.

«Farap» şypahanasynda raýatlaryň saglygyny berkitmek, keselleriň öňüni almak, bejergi geçirmek üçin başga-da döwrebap hyzmatlaryň ençemesi geçirilýär. Ähli saglygy goraýyş işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, şypahana gelýän raýatlara ýokary hilli hyzmat edýärler. Şypahana gelýän, saglygyny dikeldýän raýatlaryň sanynyň yzygiderli artýandygy şypahananyň işgärleriniň yhlasyny, buýsanjyny has-da artdyrýar.

Atajan REÝIMOW,
«Farap» şypahanasynyň göz lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu