Buýsançly köňüller

Çaga terbiýesi ― röwşen geljegiň binýady

03-02-2025 / 34

Ähli ugurlarda bolşy ýaly, bilim-terbiýeçilik işinde hem Milli Liderimiziň kitaplarynyň ähmiýeti örän uludyr. Şunda mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpeleriň sözleýiş endiklerini ösdürmekde Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň gymmatyna aýratyn orun degişlidir.

Gahryman Arkadagymyzyň eserleri nesil terbiýesiniň egsilmez hazynasydyr. Milli Liderimiz öz çykyşlarynda ýaşlara ahlak terbiýesini bermek barada durup geçýär. Olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn nesiller bolup ýetişmegi üçin taýsyz tagallalary durmuşa geçirýär, gowy edep-terbiýeli, dünýä ylymlaryndan başy çykýan ýaşlaryň kemala gelmeginiň biziň geljegimiz üçin zerurlykdygyny nygtaýar.

Ýaş nesillerimize kitap okap, bilimiňi artdyrsaň, durmuşyň manyly, ruhy dünýäň kämil, kalbyň arassa bolýar. Halkymyzyň milli terbiýesiniň esasy özeninde hem ynsanperwerlik, watansöýüjilik, belent adamkärçilik ýaly asylly häsiýetler jemlenendir. Bu häsiýetleri körpe nesillere öwretmekde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly işler alnyp barylýar. Milli ýörelgelerimizi dowam etdirmekde we wagyz etmekde giň mümkinçilikleri bar. Şunuň bilen baglylykda,  türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň her biri watansöýüjilik, ata-enä hormat goýmak, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, halallyk, bir sözlülik ýaly türkmeniň öňden gelýän milli ýol-ýörelgeleri, türkmen halkyna mahsus bolan milli terbiýesi, öwüt-ündewleri içinden eriş-argaç bolup geçýän kitaplary bu günki gün her bir adam, aýratyn hem, körpeje nesillerimiz üçin uly gollanma bolup durýar.

Körpeje nesillerimizde sözleýiş endiklerini ösdürmekde Milli Liderimiziň eserlerinden peýdalanylmak bilen, olarda sözleýiş medeniýeti kämilleşýär. Şunda çagalaryň sözleýiş ukyplary, başarnyklary terbiýeçilerimiz tarapyndan hasaba alynýar. Guralýan okuw-terbiýeçilik sapaklarymyzda çagalaryň dil sözleýşine uly üns berýäris. Ýönekeý ýumuşlaryň, okalan ýazgylaryň, Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryndaky rowaýatlaryň, hekaýatlaryň, tymsallaryň, nakyllaryňdyr ertekileriň üsti bilen çagalaryň sözleýiş endikleri ösdürmek bolsa örän netijelidir.

Bagtyýar nesillerimiz barada uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!

Gülbahar BAÝGELDIÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň 13-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu