Buýsançly köňüller

Beýik ynama ygrarly nesiller

03-02-2025 / 53

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilim ösdürilýär, ýaşlaryň kämil hünärmenler, bilimli ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde bilim özgertmeleri üstünliklere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alnyp, okatmagyň döwrebap usulyýeti kämilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Biz ýaşlara we olaryň sowatlylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýäris. Ýurdumyzda ilatyň, şol sanda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, aýratyn hem, hünär bilimlerini almaklary babatda ähli şertleri, mümkinçilikleri döredýäris». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýaş nesillerimiz täze, döwrebap mekdeplerde bilim alýarlar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, etrapdyr şäherlerinde gurlup ulanylmaga berilýän döwrebap çagalar baglary, orta mekdepler häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilýär. Ýaş nesle berilýän bilimiň we terbiýäniň hilini has-da ýokarlandyrmakda uly işler amala aşyrylýar.

Bilim ojaklarynda döwrebap multimedia enjamlarynyň, kompýuterleriň, internet ulgamynyň, okuw-görkezme esbaplarynyň ulanylmagy ýaş nesliň dünýä derejesinde kämil bilim almagyna ýardam edýär. Häzirki wagtda ýaşlara döwrebap bilim öwretmekde tehnikanyň we tehnologiýalaryň möhüm orny bardyr. Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmeklerinde multimedia enjamlarynyň, lingafon otaglarynyň aýratyn hyzmatynyň bardygyny bellemek gerek.

Daşary ýurt dilleri öwredilende bilim lingafon otaglary arkaly ýerine ýetirilýär. Onda sözleriň aýdylyşyna, sözlemleriň düzülişine üns berilýär. Ýaşlar dil öwrenip, bilimiň çuňlugyna aralaşýarlar, kem-kemden diliň grammatik kadalaryny özleşdirýärler. Diliň aýratynlyklaryna göz ýetirip ugraýarlar. Mugallym okatmagyň we bilim öwretmegiň döwrebap usullaryndan peýdalanýar. Bu bolsa öwretmegiň iň kämil usullary hasaplanýar. Ýaşlaryň ylymly-bilimli nesiller bolup ýetişmegi we dünýä ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy üçin giň şertler döredilýän ajaýyp döwletimizde beýik özgerişlerden ruhlary belende göterilýän ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işlerine eýerip, daşary ýurt dillerini yhlas bilen öwrenýärler. Goý, bize ähli giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Guwanç REJEPOW,
Halaç etrabynyň 24-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy, Ilkinji ýaşlar guramasynyň Halaç etrap Geňeşiniň işjeň agzasy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu