
Täze taryhy eýýamyň rowana ýolundan nurana geljegine barýan ýurdumyzda çagalarymyzyň bagtyýarlygy ähli tutumlaryň baş maksady bolup durýar. Şoňa görä-de, eziz Diýarymyzda durmuşymyzyň gül-gunçalary bolan çagalar baradaky aladalar köptaraplaýynlygy bilen göwünlerimizi göterýär. Şunda bagtyýar çagalarymyzyň yhlasly okamaklary, olaryň tebigy zehin-başarnyklarynyň ösdürilmegi, sporty hemra edinmekleri babatda döredilýän zerur şertler aýratyn guwandyrýar. Bu babatda ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem netijeli okuw-terbiýeçilik işleri alnyp barylýar.
Mälim bolşy ýaly, terbiýe maşgaladan başlanýar. Körpeleriň maşgalada alýan terbiýesini çagalar bagynda utgaşdyrmak terbiýeçileriň esasy wezipeleriniň biridir. Munuň üçin her bir çaga aýratynlykda çemeleşmek gerek. Ony iş ýüzünde amal etmek üçin terbiýeçiler çaganyň gylyk-häsiýetini jikme-jik öwrenýärler. Şunda terbiýeçi bilen ata-eneleriň hyzmatdaşlygy möhüm ähmiýete eýedir. Şu nukdaýnazardan biziň çagalar bagymyzda ata-eneler bilen aragatnaşyk göwnejaý derejede ýola goýuldy. Çagalar bagynyň terbiýeçileri ata-eneler bilen ýygy-ýygydan duşuşyklar, söhbetdeşlikler, ýygnanyşyklar geçirýärler. Olarda çaganyň akyl we fiziki taýdan ösüşi, gyzyklanmalary, gylyk-häsiýeti barada giňişleýin gürrüň edilýär.
Çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň öňünde çaganyň içki dünýäsini açmak, olara döwrebap terbiýe bermek, sowat öwretmek wezipesi durýar. Munuň üçin bolsa terbiýeçiler özlerine ynanylan çagalaryň her birini içgin tanamaly, onuň maşgala, durmuş şertlerine, gylyk-häsiýetine, gyzyklanmalaryna hem ymtylmalaryna belet bolmaly. Şoňa görä-de, terbiýeçi hökmünde, ozaly bilen, her bir çaganyň aň taýdan ösüş aýratynlyklaryny içgin öwrenýäris. Çagalaryň sözleýiş diliniň kämilleşmegine, edep kadalaryny berjaý edişine aýratyn üns berýäris. Çagalar bagymyzda tebigat bilen tanyşdyrmak, sözleýşi ösdürmek, beden saglygy, aýdym-saz, surat çekmek boýunça sapaklar guralýar. Şol sapaklaryň üsti bilen körpelerde watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ululara hormat goýmak, deň-duşlaryny sylamak ýaly endikleriň kemala gelmegini, çagalarda milli däp-dessurlarymyza, gözel tebigatymyza söýgi döretmegi we ony gorap saklamak barada düşünje bermegi maksat edinýäris.
Berkarar Watanymyzda çagalaryň bagtyýarlygy hakynda edilýän aladalar ýurdumyzyň, jemgyýetimiziň geljekki abadançylygynyň binýadydyr. Dünýä nusgalyk şeýle aladalar mähriban Diýarymyzy bagtly çagalygyň mekanyna öwürdi. Munuň sakasynda durýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir.
Maýagözel MYRADOWA,
Mary şäheriniň 38-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi, KA-nyň agzasy.