Buýsançly köňüller

Bilim binýady — ösüşleriň özeni

01-02-2025 / 32

Ýurdumyzyň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ösdürmek üns berilýän esasy ugurlaryň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýaş nesillerimiziň çuňňur düşünjeli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, ruhy taýdan baý, beden taýdan berk bolup ýetişmegi ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar.

Alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik işleriniň täze derejelere çykmagynda ulgamyň kanunçylyk binýadynyň üpjün edilmegi has-da uly ähmiýete eýedir. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine, beýleki möhüm resminamalara, şeýle hem «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, okatmagyň innowasion usullaryndan döredijilikli peýdalanmaga, öňdebaryjy tejribeleri mugallymçylyk işine yzygiderli ornaşdyrmaga uly üns berilýär. Okatmagyň usulyýetiniň ylmy esaslaryna daýanmak, okuw-terbiýeçilik işinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, pedagogik işgärleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde dünýäniň öňdebaryjy okuw-usuly tejribelerini özleşdirmek boýunça maksada okgunly işler alnyp barylýar. Munuň özi bilimiň hiliniň düýpli ýokarlanmagyny, dünýä derejesindäki ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlaryň kemala gelmegini üpjün edýär.

Ýurdumyzyň bilim ulgamynda guwançly işleriň alnyp barylýandygyny biz öz mekdebimiziň mysalynda hem görýäris. Biziň bilim-terbiýe berýän orta mekdebimizde mugallymlaryň uly topary zähmet çekýär. Olar ýaş nesle Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne laýyk bilim-terbiýe bermek ugrunda yhlaslaryny gaýgyrman zähmet çekýärler. Şonuň netijesinde bolsa, okuwçylarymyz dürli bäsleşiklere gatnaşyp, gowy orunlara eýe bolýarlar. Biz ― mugallymlar öňümizdäki durýan wezipä jogapkärli garap, ertirki gün Watanymyzy beýgeltmeli ýaşlaryň aň-düşünjeli, bilimli, edep-terbiýeli nesiller bolup ýetişmegi üçin aladalanýarys. Şeýle hem ýaş nesillerimiziň ata Watanymyza wepaly, giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup kemala gelmegi, olaryň sowatly bolmagy, döwür bilen aýakdaş gitmegi üçin yhlasly zähmet çekýäris.

Mekdebimizde ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek üçin ähli şertler bar. Biz munuň üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.

Jeren ÖWEZOWA,
Saýat etrabynyň 21-nji orta mekdebiniň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu