
Ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmäge, körpe nesillerimizi döwrümize mynasyp ruhda terbiýelemäge, pedagogik işgärleriň hünärini ýokarlandyrmaga, döwrebap okuw usullaryny özleşdirmäge uly mümkinçilikler we şertler döredilýär.
Garaşsyz Watanymyzda bilim ulgamyny ösdürmek babatdaky mümkinçiliklerden peýdalanyp, biz hem çagalar bakja-bagymyzda okuw-terbiýeçilik, usulyýet-guramaçylyk işlerimizi has-da kämilleşdirýäris. Çagalar bakja-bagymyzda ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işlerini netijeli alyp barmaga çalyşýarys. Şunda bilim maksatnamalaryndan, degişli kanunçylykdan, konsepsiýalardan we kadalaşdyryjy namalardan ugur alýarys.
Ýeri gelende bellesek, çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna görä toparlarda Selbinýaz Gurbanowa, Gunça Mämmedowa ýaly terbiýeçilerimiz, terbiýeçiniň kömekçisi Amangül Mämmedowa, aşpez Güljan Rahmannazarowa ýaly işgärlerimiz bakja-bagymyzda has tapawutlanyp zähmet çekýärler. Usuly işleri maksadalaýyk alyp barmakda terbiýeçi-usulyýetçi Ogulgurban Rahymowa, arassaçylyk, saglygy goramak babatda şepagat uýa Wahapowa dagy hem işjeň zähmet çekip, bakja-bagynda gazanylýan üstünliklere goşant goşýarlar.
Körpeleriň ruhubelent, sagdyn berk bedenli, milli terbiýeli, döwrebap sowatly kemala getirilmegi ugrunda ähli işgärlerimiziň hem agzybirlikde zähmet çekmekleri täze üstünliklere ýetmäge höweslendirýär. Ýurdumyzda yhlasly işläp, zähmet üstünlikleri bilen nesilleriň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny gazanmak biziň esasy maksatlarymyz bolmagynda galýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda hem okuw-terbiýeçilik işlerimizi has-da kämilleşdirip, dürli çäreleri guramagy meýilleşdirýäris. Çünki baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny zähmet üstünlikleri bilen garşylamak biziň her birimiziň borjumyz bolup durýar.
Ajaýyp eserleri bilen bizi hünär babatda kämilleşmäge ruhlandyrýan Alym Arkadagymyza, bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini döwrüň talaplaryna laýyk guramakda uly tagallalary durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize egsilmez alkyşlar aýdýarys.
Aknabat ÇARYÝEWA,
Murgap etrabynyň 11-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri, TDP-niň işjeň agzasy.