
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şonuň bilen birlikde, ylym-bilimde düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda dünýä dilleriniň arasynda esasy orun tutýan daşary ýurt dillerini, aýratyn- da rus dilini öwrenmäge ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, umumybilim berýän orta mekdeplerimizde rus diliniň okuw-usulyýet esaslaryna aýratyn ähmiýet berilýär.
Ilki bilen, okuwçylaryň daşary ýurt dillerini öwrenmegi üçin sözleriň ene dilimizdäki manysynyň ýat tutulmagy ýeterlik bolmaýar. Olara sözleriň doly manylaryny açyp, şol sözleriň düşümdäki üýtgeýşini, birlik we köplük sanlarynyň goşulmalar bilen ýasalyşyny gepleşikde sözleri many taýdan dogry ulanyp bilmegi öwretmek möhümdir. Bu kadalary özleşdirmek üçin okuwçylaryň sesleri dogry, dürs eşitmekleri we öz gezeginde olaryň hem ýalňyşsyz gaýtalap bilmekleri zerur bolup durýar. Sözleri öwrenmek üçin hormatly Prezidentimiziň okuwçylara sowgat beren kompýuterlerinden peýdalanylsa has oňaýly bolýar. Bu ýerdäki kompýuter programmalarynyň üsti bilen öwredilýän sapaklar çagada gyzyklanma we bilesigelijilik döredýär.
Elbetde, sapagyň täsirliligi mugallyma hem baglydyr. Sapagyň başynda okuwçylaryň ünsüni özüne çekmek üçin, mugallymyň her gezek synpa gireninde ýa-da sapaga başlamazdan öňürti okuwçyda täsir galdyrmagy möhüm bolup durýar. Mugallymyň ussatlygy okuwçylaryň ählisiniň ünsüni sapaga jemlemäge kömek eder. Okuwçylara daşary ýurt dilleri öwredilende olara ýönekeý sözlemleriň üsti bilen düşündirilse, täsirliligi artýar. Ýönekeý sözlemler gurlanda okuwçylaryň ýaş we ukyp aýratynlyklaryna görä saýlanyp, gitdigiçe gerimini giňeldip, söz sany köpeldilmelidir.
Daşary ýurt dilleri sapaklarynda sanly tehnologiýalaryň peýdalanylmagy öwrenilýän sapagyň hilini we mazmunyny baýlaşdyrýar. Bu sapaklarda audio-wideo gollanmalary, prezentasiýalary, şekilli görnüşleri peýdalanmak has-da netijeli bolup durýar. Çünki ýaş nesiller, aýratyn hem, okuwçylar täzeçillige uly gyzyklanma bildirýärler. Geçilýän sapaklara degişli sanly görkezme serişdelerini peýdalanmak arkaly çagalaryň daşary ýurt dili boýunça öwrenenleri özleşdirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýaş nesline bilim terbiýe bermek, şeýle-de daşary ýurt dillerini öwretmek üçin döwrebap mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Oguldursun SÖWDEKOWA,
Türkmengala etrabynyň 30-njy orta mekdebiniň mugallymy.