Buýsançly köňüller

Maksatly il myrada ýeter

30-01-2025 / 22

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl ýurdumyzda Bitaraplyk hukuk derejämiziň 30 ýyllyk taryhy senesi çawy dünýä doljak dürli derejeli dabaralar arkaly giňden bellenilip geçiler. Şanly senäniň hormatyna 2025-nji ýyl — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu taryhy çözgüt agzybir halkymyzyň ýürek arzuwynyň dabaralanmasyna öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mizemez ýörelge edinýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu bolsa agzybir halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmek bilen birlikde, ählumumy parahatçylygy, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi ata Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ynsanperwer ýörelgelerine gyşarnyksyz eýerýänligi bilen berk baglanyşyklydyr. Geçen ýyllarda Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça Milletler Bileleşiginde 30-a golaý Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa buýsançly hakykatdyr.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy uludan belleniler. Watanymyzyň durmuşynda örän uly syýasy waka bolan bu sene hoşniýetli daşary syýasatymyzyň üstünliklerini dünýä ýaýýan ajaýyp baýramçylykdyr. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyz hem şeýle şanly sene bilen utgaşyp, taryhy wakalara, uly üstünliklere beslener. Şunuň bilen baglylykda, golaýda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, bu şanly ýyl mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. 9-njy ýanwarda Gahryman Arkadagymyz bu toparyň ilkinji mejlisini geçirip, onda birnäçe guramaçylyk meselelerine seredildi. Şunda Milli Liderimiziň ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek, ilatyň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde şanly ýylymyzyň şygarynyň we nyşanynyň taryhyny, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz edýän duşuşyklaryň, maslahatlaryň geçirilmegi bu ýylymyzy has-da dabaralandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Ählumumy abadançylygy üpjün etmek, dünýäde parahatçylyk taglymatyny dabaralandyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Esenmyrat GARRYÝEW,
TDP-niň Tagtabazar etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu