![](https://turkmengazet.com/wp-content/uploads/2025/01/Снимок.jpg)
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim-terbiýeçilik işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmegi, öz işine ussat pedagoglaryň kemala getirilmegi, bu ugurda hünär öwrenýän ýaşlaryň nazary bilimleriniň amaly taýdan berkidilmegi ugrunda ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Biz hem geljekki bilim işgärleri hökmünde her okuw ýylynyň dowamynda tejribeliklerde bolup, mekdebe çenli çagalar edaralarynda, orta mekdeplerde alan bilimlerimizi tejribelikde özleşdirýäris.
Men hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda Mary şäherinde ýerleşýän 12-nji çagalar bakja-bagynda bolup, bu ýerde zähmet çekýän öňdebaryjy terbiýeçi, «Ýylyň terbiýeçisi ― 2023» bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň ýeňijisi Gülälek Rejepowadan birnäçe iş usullaryny öwrenmäge çemeleşdim. Çagalar bagynda gün tertibiniň pursatlaryny, çagalar bilen sazlaşykly işlemegiň aýratynlyklaryny, olara terbiýe bermegiň we sapaklary netijeli geçmegiň öňdebaryjy usullaryny öwrendim.
Sapaklara gatnaşmak bilen okuw maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini, sapaklarda öwrediji oýunlaryň peýdalanylyşyny, okuw-görkezme, paýlama esbaplarynyň ulanylyşyny ýakyndan synlamak, dürli maglumatlary öwrenmek örän täsirli boldy. Tejribeli terbiýeçiniň iş usullaryny, işjeň çemeleşmelerini synlap öz sapaklarymyzda halypa mugallymlarymyzyň öwredenlerini özleşdirmek mümkinçiligi saýlap alan hünärimizi has kämil öwrenmäge we bu ugurda yhlasly zähmet çekmäge bolan höweslerimizi has-da artdyrdy.
Ajaýyp zamanamyzda ýaşlaryň hünär taýdan kämil, sagdyn bedenli, döwrebap bilimli bolup ýetişmekleri, bilim ojaklarynda zähmet çekmekleri üçin döredilýän ajaýyp mümkinçilikler üçin Alym Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!
Aýjemal ANNAMÄMMEDOWA,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyby.