Buýsançly köňüller

Parahatçylyk we ynanyşmak ― abadançylygyň binýady

29-01-2025 / 53

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl ýurdumyzda Bitaraplyk hukuk derejämiziň 30 ýyllyk taryhy senesi çawy dünýä doljak dürli derejeli dabaralar arkaly giňden bellenilip geçiler. Şanly senäniň hormatyna 2025-nji ýyl — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Munuň özi işjeň daşary syýasatymyzyň parasatly ýörelgelerini nobatdaky gezek ýüze çykarýar.

Şanly ýylymyzyň şygarynyň Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiziň çuňňur mazmunyny, parahatçylygyň, dost-doganlygyň ähmiýetini şahyrana dilde beýan edýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusy, şeýle-de Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlary esasynda kabul edilmegi her birimiziň buýsançly başymyzy has-da belende göterýär.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy bilen utgaşyp, taryhy wakalara, uly üstünliklere beslener. Şunuň bilen baglylykda, golaýda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, bu şanly ýyl mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. 9-njy ýanwarda Gahryman Arkadagymyz bu toparyň ilkinji mejlisini geçirip, onda birnäçe guramaçylyk meselelerine seredildi. Şunda Milli Liderimiziň ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek, ilatyň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde şanly ýylymyzyň şygarynyň we nyşanynyň taryhyny, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz edýän duşuşyklaryň, maslahatlaryň geçirilmegi bu ýylymyzy has-da dabaralandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy özgertmeler biz ― mugallymlaryň buýsanjyny has-da artdyrýar. Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň dünýäde giň goldawa eýe bolýandygyny hem buýsançly bellemeli. Şu jähetden, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Bilim ulgamyny ösdürmekde uly tagallalar edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!

Altybaý AÝNAZAROW,
Saýat etrabynyň 14-nji orta mekdebiniň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu