![](https://turkmengazet.com/wp-content/uploads/2025/01/yaslar-bilim-780x470.jpg)
Häzirki zaman dünýäsini sanly tehnologiýalarsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek we halk hojalygynyň pudaklaryna döwrebap innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Şoňa görä-de, sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylýan döwründe olardan kämil baş çykarmak, dogry peýdalanmak ýaly işlere ýaşlary çekmek, olary höweslendirmek Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy «Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» ugur alyp, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek işlerini sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, hasda döwrebap ýerine ýetirmek maksady bilen, guramanyň elektron saýtyny kämilleşdirmek we mümkinçiliklerini hasda giňeltmek boýunça degişli işleri yzygiderli alyp barýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmek üçin ýokary bilimli we medeniýetli, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan baý, täze tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, işine ussat hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şunda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat we Arkadag şäherleriniň geňeşleri, welaýat we etrap geňeşleri tarapyndan ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän ýaşlaryň, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň mugallymlarynyň, ýokary synp mekdep okuwçylarynyň arasynda internet torunyň ösdürilmegi, sanly tehnologiýa ulgamyndan, innowasion serişdelerden peýdalanmagyň medeniýeti barada düşündiriş işleri alnyp barylýar, wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär. Şeýle çäreler biziň etrap geňeşimiz tarapyndan hem yzygiderli guralýar.
Şeýlelikde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça sanly ulgama üstünlikli geçilmegi «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgelerimiziň ajaýyp netijeleridir. Milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Şirinaý ÖWLÝAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.