Buýsançly köňüller

Aýratyn zehinleri ýüze çykarmakda halkara başlangyçlar

27-01-2025 / 37

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap terbiýelenmegi, halkara derejesinde sowat öwrenmegi, täze zehinleriň ýüze çykarylmagy babatda giň gerimli mümkinçilikler durmuşa geçirilýär. Şol sanda mekdebe çenli bilim edaralarynda terbiýelenýän körpeleriň hem zehinlerini ýüze çykarmak, degişli sapaklar boýunça özleşdirmek ukyplaryny kämilleşdirmek, bilimlerini berkitmek, ýaş aýratynlyklaryna görä dürli bäsleşiklere, halkara olimpiadalara taýýarlamak arkaly bu ugurdaky işleriň netijeliligini artdyrmak babatda hem toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär.

Bu işlerde Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipelerden hem ugur alynýandygy bellärliklidir. Sebäbi bu Konsepsiýa Türkmenistanyň umumybilim maksatnamasynyň çäklerinde bilim almagyň döwlet bilim standartlarynyň talaplaryna laýyklykda, bilimiň derejelerinde ähli okuw derslerini okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmegiň maksatlaryny, wezipelerini we häzirki zaman çemeleşmelerini, şeýle hem okatmagyň milli we dünýä tejribesine, halkara standartlaryna laýyklygyny üpjün etmäge gönükdirilen resminamadyr. Şeýlelikde, bu resminamanyň umumybilim maksatnamalary boýunça bilim bermegiň ähli derejelerinde okatmagyň usulyýetini nazaryýet we tejribe taýdan yzygiderli kämilleşdirmäge, onuň döwrüň ýokary talaplaryna we halkara standartlara laýyklygyny üpjün etmäge gönükdirilen wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen dünýä tejribesini öwrenip, häzirki zaman milli pedagogik tejribämizi kämilleşdirmäge çalyşýarys.

Şunda Alym Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ösüp gelýän nesillerimize ata-­babalarymyzyň öwüt­ündewleriniň esasynda bilim we terbiýe berlişini has­-da kämilleşdirmek milli bilim ulgamynyň wajyp wezipesi bolup durýar. Şoňa görä­-de, bilim özgertmelerini has­-da işjeňleşdirmek, bu işiň döwrüň talaplaryna we halkara standartlara laýyklygyny üpjün etmek, mugallymlaryň hünär ussatlyklaryny, okatmagyň usullaryny nazaryýet we tejribe taýdan kämilleşdirmek babatdaky işler utgaşdyrylyp dowam etdirilmelidir. Ýaş nesillerimiziň bilimleriň we ylymlaryň esaslaryny, akyl we fiziki zähmet endiklerini özleşdirmekleri, olarda ýokary ahlak sypatlaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek üçin mugallymlarymyz hemişe döredijilik gözleginde bolmalydyr» diýen sözlerinden ugur alýarys.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem çagalaryň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny üpjün etmek, geljekki mekdep okuwçylaryny dürli halkara bäsleşiklere taýýarlamak we oňat netijeleri gazanmak babatdaky okuw-terbiýeçilik, guramaçylyk-usulyýet işlerimizi kämilleşdirmek esasy maksatlarymyzyň biri bolmagynda galýar. Çünki halkara derejeli görkezijilerde bagtyýar nesillerimiziň üstünliklerini görmek, olary bilimiň täze sepgitlerine ruhlandyrmak, ata-eneleriň bu işlere bolan gatnaşygyny berkitmek, pedagogik işgärleriň hünärlerini ýokarlandyrmak we tejribelerini artdyrmak ýurdumyzda bilim ulgamynyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak biziň her birimiz üçin uly buýsançdyr.

Bitarap ýurdumyzda dünýäniň öňdebaryjy bilim edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmäge, dünýäniň pedagogik tejribesini öwrenmäge, milli başlangyçlarymyzy halkara derejesinde rowaçlandyrmaga uly mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!

Maýagözel MYRADOWA,
Mary şäheriniň 7-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri, KA-nyň işjeň agzasy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu