![](https://turkmengazet.com/wp-content/uploads/2025/01/ylym-780x470.jpg)
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ylym we bilim döwletimiziň güýç-kuwwatyny hem-de mümkinçiliklerini artdyrýan esasy serişde, jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýjüdir. Şoňa görä-de, ylym-bilim pudagynyň işini kämilleşdirmek, bu işi häzirki zamanyň talaplary esasynda ýola goýmak bilen baglanyşykly guramaçylyk, hukuk, kanunçylyk çäreleriniň uly tapgyry amala aşyrylýar.
Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy we Konsepsiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Bu resminama Türkmenistanyň umumybilim maksatnamasynyň çäklerinde bilim almagyň döwlet bilim standartlarynyň talaplaryna laýyklykda, bilimiň basgançaklarynda tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagyň maksatlaryny, wezipelerini we usulyýetini döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman çemeleşmelerine, şeýle hem bu dersleri okatmagyň milli tejribesine, halkara ölçeglerine laýyklygyny kesgitleýär. Şeýle hem sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagyň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini has-da ýokarlandyrmak we usulyýetini döwrebaplaşdyrmak, bu ugurda jemgyýetiň bähbitlerini goramaga taýýar, bilimli, döredijilikli, häzirki zaman ylmy-inženerçilik pikirli şahsyýetleri kemala getirmek we ösdürmek Konsepsiýanyň esasy maksady bolup durýar.
Umumybilim edaralarynyň okuwçylarynyň öwrenijilik işjeňliginiň, ukybynyň, özbaşdak pikirleniş endikleriniň ösmegini gazanmak, okatmakda innowasiýalary, sanly bilim tehnologiýalaryny okuw-terbiýeçilik işine giňden ornaşdyrmak tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri döwrebap okatmagyň esasy ugurlarydyr. Tebigy we takyk ylmy ugurly derslerde berilýän bilimiň dünýä ölçeglerine laýyk gelmegini üpjün etmek bilim işgärleriniň esasy wezipeleriniň biridir.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen dünýä ülňülerine laýyk gelýän birnäçe ylmy edaralar, ýokary okuw mekdepleri gurlup ulanylmaga berilýär. Şeýle hem Gün energiýasy, Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy, Umumy we amaly biologiýa we derman ösümlikleri, Himiýa, Maldarçylyk we weterinariýa institutlarynda ylmyň takyk ugurlary boýunça ylmy-tejribe ähmiýetli ylmy barlaglar alnyp barylýar. Ýurdumyzda toprakdan we suwdan aýawly peýdalanmak, ekin dolanyşygyny kämilleşdirmek, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, Aral we Hazar deňizleriniň, Garagum sährasynyň, Köýtendagyň ekologiýasyny, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň hem-de onuň zeý akabalarynyň töweregindäki ösümlik we haýwanat dünýäsiniň bioköpdürlüligini ylmy esasda öwrenmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap ylym-bilim alyp, kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalar edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Maral ÝAKŞIMURADOWA,
Türkmenabat şäherindäki 9-njy orta mekdebiň ýanyndaky mekdep-internatynyň fizika mugallymy.