Buýsançly köňüller

Bagtyýar çagalar ― buýsanjymyz we guwanjymyz

25-01-2025 / 23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy, milli ruhda terbiýelenmegi ugrunda ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Garaşsyz Diýarymyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmäge berilýän üns hem bu ugurda bellenilmäge mynasypdyr. Bagtyýar körpeleriň wagtlarynyň şadyýan, her pursatynyň many-mazmunly geçmegi barada biziň çagalar bakja-bagymyzda hem alnyp barylýan netijeli işler döwrüň ruhy bilen kämilleşdirilýär.

Körpeleriň geçilýän temany gowy özleşdirmekleri üçin hem-de sapagyň täsirliligini artdyrmak maksady bilen, terbiýeçilerimiz dürli görkezme esbaplaryndan, innowasion tehnologiýalardan, oýunlardan, dersara baglanyşyk usullaryndan ýerlikli peýdalanmagy başarýarlar. Döredijilik ukybyna, ussatlyk derejesine daýanyp, olar ýaş nesle bilim bermekde iş tejribelerini sapaklarynyň üsti bilen açyp görkezýärler.

Irki ýaşda çagalara sapak wagtynda öwrediji oýunlary oýnatmagyň terbiýeçilik ähmiýeti bar. Şeýle hem mekdebe çenli ýaşly çagalara watançylyk terbiýesini bermekde olaryň göz öňüne getirmek arkaly akyl ýetiriş, pikirleniş ukyplaryny we sözleýiş dilini ösdürmegiň usullaryny, türkmen halk ertekileriniň çaga terbiýesindäki ornuny aýratyn bellemek bolar. Şunda terbiýeçilerimiz sapak wagtynda okatmagyň işjeň usullaryny, öwrediji oýunlary giňden ulanmak bilen, çagalaryň söz baýlygyny we dil medeniýetini ösdürmegiň ähmiýetini açyp görkezýärler.

Çaganyň sözleýşini ösdürmek terbiýeçiniň esasy wezipeleriniň biridir. Terbiýeçilerimiz maşgalada düýbi tutulan sözleýşi ýörite düzülen okuw maksatnamalary esasynda kämilleşdirmek üçin iş alyp barýarlar. Ene dili sapaklary çagalar baglarynda-da, başlangyç synplarda-da çaganyň sözleýiş medeniýetini ösdürmäge gönükdirilýär. Dürli usullar esasynda çaganyň sözleýiş medeniýetini kemala getirmek, kämilleşdirmek mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bakja toparlaryndan başlanýar. Şu nukdaýnazardan, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň sözleýşi ösdürmek sapaklarynda bakja toparyna gatnaýan çagada özüne gönükdirilen sözleýşi diňlemäge we oňa düşünmäge bolan başarnyk kemala gelip başlaýar.

«Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işgärleriniň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde hem ýörite maksatnama esasynda iş alnyp barylýar. Şu nukdaýnazardan, Konsepsiýa laýyklykda terbiýeçiler mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýe we bilim bermek işinde dünýä tejribesine işjeň ornaşdyrylýan hem-de çagalaryň sazlaşykly kemala gelmeginiň we ösmeginiň möhüm şerti bolup durýan innowasion tehnologiýalardan peýdalanýarlar. Şeýle ajaýyp mümkinçilikler üçin bilim işgärlerimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan edýärler.

Ýazgül JUMANAZAROWA,
Daşoguz şäheriniň 22-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu