
Bilşimiz ýaly, ynsan terbiýesi çagalykdan başlanýar. Kalby ak kagyz ýaly balalar iň gowy zatlary, gözellikleri özlerine nusga edinip alýarlar. Şonuň üçin çagalykda öwrenilen zatlar, alnan görüm-görelde ynsanyň bütin ömrüne binýat bolup hyzmat edýär.
Milli Liderimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda: «Iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip belleýär. Bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpelere ýadygärlik sowgat hökmünde kompýuterleriň gowşurylmagy, olarda türkmen, iňlis, rus dillerindäki maglumatlaryň bolmagy, özi-de bu kompýuterleriň Türkmenistanda öndürilmegi aýratyn buýsandyryjydyr. Munuň özi turuwbaşdan bilim bilen terbiýäniň sazlaşyklylygyny gazanmaga ýardam berýär.
Türkmenistan ýurdumyzda döwlet ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, nesillerimiziň bagtyýar durmuşda sagdyn ýaşamagy, iň kämil bilimleri ele alyp, dünýä ýaşlary bilen aýakdaş gitmegi ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çäksiz sahawaty bilen esaslandyrylan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan asylly işleri hem şu ugra gönükdirilendir.
Ýaş nesli kämil derejede kemala getirmek, ilkinji nobatda, olara berilýän edep-terbiýäniň hiline bagly bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde ýurdumyzyň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde surata düşürilen «Kompozitor» atly filmi görkezmek bolar. Bu filmde sazyň täsinlikleri, ynsan ruhuny bejerijilik häsiýeti barada gürrüň berlip, onuň içinden ýaş nesliň şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde we jemgyýetde öz ýerini tapmagynda terbiýäniň, şeýle hem terbiýäni bermekde, ýaşlary hünäre ugrukdyrmakda maşgalanyň orny hakyndaky pikirler eriş-argaç bolup geçýär.
Ýurdumyzy bagtly çagalygyň mekanyna öwren, ýaş nesliň bilimli, sowatly, giň gözýetimli bolup ýetişmeginde bimöçber alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!
Täzegül BAZAROWA,
Daşoguz şäheriniň 14-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.