![](https://turkmengazet.com/wp-content/uploads/2023/12/bitaraplyk-yaslar-780x470.jpg)
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ähli pudaklarynda işleri talabalaýyk ýola goýmak babatda döredip berýän şertleri hem-de goldawlary esasynda ähli milli maksatnamalarda, konsepsiýalarda, strategiýalarda kesgitlenen wezipelere laýyklykda toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
Adamzat mydama parahat durmuşyň arzuwynda ýaşaýar. Hut şonuň üçin hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu bolsa biziň ýurdumyzda ählumumy parahatçylygy berkitmek barada edilýän taýsyz tagallalaryň bütin dünýäde ykrar edilip, uly goldaw tapýandygyny görkezýär. Parahatçylyk ähli halklary birleşdirip biljek gymmatlykdyr. Parahatçylyk ýoly ähli gapma-garşylyklary aradan aýyrmak üçin paýhas ýoludyr. Parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň rowaçlanmagyny ähli zatdan ileri tutýan hemişelik Bitarap Türkmenistan bütin dünýäde parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýar.
Geçen ýylda türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Hakyda göwheri» hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitaplary elimize gowşup, bu eserlerde parahatçylyk ýörelgelerimiz, halkara arenada öňe sürýän başlangyçlarymyz inçe pelsepeler, synçy garaýyşlar, takyk pikir ýöretmeler arkaly düşündirilýär. Şunda okyjyny 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti hem-de şeýle başlangyjyň wajyplygy hakynda täzeçe pikirler gurşap alýar.
Bu günki gün türkmen halky Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny zähmet üstünliklerine, taryhy wakalara beslemek üçin ynamly öňe barýar. Her bir ulgamda zähmet çekýän ildeşlerimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, ata Watanymyzyň abraýyna uly goşant goşmak üçin janaýaman işleýär. Şeýle yhlasly zähmetiň netijesinde üstümizdäki ýylyň taryha altyn harplar bilen ýazyljakdygy, her bir günümiziň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda şowlulyklara ýar boljakdygy şübhesizdir. Çünki biziň ýurdumyzda «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarymyz öňe sürlüp, ähli işler diňe halkyň bähbidine gönükdirilýändir.
Nurbibi ÝOWYŞOWA,
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabyndaky daşary ýurt dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 14-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.