Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze eseri diňe halkymyz üçin däl, eýsem, dünýä halklary üçinem ajaýyp sowgat boldy. Magtymguly Pyragynyň ömri, döredijiligi, edebi mirasy barada söz açýan bu kitap her bir okyjynyň ünsüni özüne çekýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze eseriniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bosagasynda halkymyza sowgat berilmegine ýurdumyzda abadançylygyň, agzybirligiň, dostana gatnaşyklaryň, birek-birege ynanyşmagyň höküm sürýändiginiň aýdyň alamaty hökmünde garamak bolar. Halkymyz Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyza ygrarly bolmak bilen, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda öndürijilikli hem-de döredijilikli zähmet çekýär. Şonuň netijesinde, ykdysady ösüşlerimiz bedew bady bilen täze belentliklere çykýar. Bu bagtyýar durmuş, berkarar döwlet Magtymguly Pyragynyň arzuwlarynyň hakykat ýüzünde hasyl bolandygyny görkezýär.
Magtymguly Pyragynyň mukaddesliklerden doly ýolundan ýöräp, Watanymyzyň, halkymyzyň, milletimiziň, döwletimiziň şanyny beýgeltjek täze-täze eserleri ýazmakda, üstünlikleri gazanmakda her birimize ylham çeşmesi bolan bu eserde alym Arkadagymyzyň dünýä nusgalyk işlerine mynasyp baha berilýär. Milli Liderimiz Gündogaryň nusgawy we türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä ýüzünde giňden tanalmagynda ägirt uly işleri bitirdi.
Ýaş nesilleriň Magtymguly Pyragynyň mekdebinde kemala gelmeginde bu kitapda öňe sürülýän pikirler örän gymmatlydyr. Kitapda ýewropaly alymlaryň: «Taryhyň dowamyndaky beýleki meşhur şahsyýetlerini hasaba almanyňda hem, diňe Magtymgulusynyň bardygy üçin hem bu halk beýik diýilmäge mynasypdyr» diýen sözleriniň halkymyzyň dünýä taryhynda, ylmynda, medeniýetinde uly yz goýandygyndan habar berýändigi nygtalýar. Beýik halkymyza mynasyp nesil bolup kemala gelmek ruhunda ýaş nesillere bilim-terbiýe bermek biz — terbiýeçiler üçin esasy wezipedir.
Halkymyza ajaýyp kitaplary sowgat berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris!
Nulifar ÝAKUPJANOWA,
Daşoguz şäheriniň 21-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.