![](https://turkmengazet.com/wp-content/uploads/2022/10/sanly-ulgam-780x470.jpg)
Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgama geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň mümkinçilikleriniň giňden peýdalanylmagy sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmek üçin şertleri döredýär. Bu bolsa ykdysady ösüşiň netijeliligini üpjün edýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlaryny öndürýän kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanda 2019 ― 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» durmuşa ornaşdyrylmagy netijesinde Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürilmeklige gönükdirilen çäreler amala aşyrylýar. «Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny sanlylaşdyrmak boýunça maksatlar, wezipeler we esasy ugurlar kesgitlenilip, esasan hem, üç tapgyrda (1-nji tapgyr ― 2019-njy ýylda, 2-nji tapgyr ― 2020 ― 2023-nji ýyllarda, 3-nji tapgyr ― 2024 ― 2025-nji ýyllarda) durmuşa geçirmek meýilleşdirildi.
Maglumat we telekommunikasiýalar ulgamynda işleriň hukuk taýdan kadalaşdyrylyşyny kämilleşdirmek işleri dowam etdirilýär. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak hem-de «Elektron hökümet» ulgamyny doly derejede herekete girizmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz ýokary tehnologiýalary ulanmagyň aýratyn ähmiýetini belläp, döwlet dolandyryş pudagynda işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin döredilen häzirki zaman elektron resminama dolanyşygy ulgamyny ýurduň ykdysadyýetiniň ähli ugurlaryna ornaşdyrmagy möhüm wezipe hökmünde kesgitledi. Elektron maglumatlar binýadyny döretmek we resminamalar arkaly dürli amallary amala aşyrmak bilen bir hatarda, bu ulgamyň aýratynlyklarynyň arasynda resminama monitorda gönüden-göni elektron gol çekmek, sesli buýruk bermek ýa-da ony mobil telefondan dessin ibermek mümkinçilikleri-de bar. Şol bir wagtyň özünde, sanly tehnologiýalar ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyny talap edýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň çözgüdine gönükdirildi.
Türkmenistanda sanlylaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan işleriň netijesinde, Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň gurulmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny giňden açyp görkezdi. Bu ýerde «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda, öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň, internetiň sazlaşygyna esaslanyp, şolaryň kömegi bilen şäher düzümleriniň we gulluklarynyň dolandyrylmagyny, telelukmançylyk, okuw mekdeplerinde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyny üpjün edýän bitewi ulgam emele geldi.
Alijan JUMMYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Sanly ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.