![](https://turkmengazet.com/wp-content/uploads/2024/02/sanlylasdyrmak-780x470.jpg)
Türkmenistan üçin sanly tehnologiýalara daýanýan ykdysadyýeti ösdürmegiň strategik ähmiýeti ykdysady ösüşiň täze hilini gazanmakdan we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly syýasy many-mazmuny özünde jemleýän, beýik şygar bilen atlandyrylan 2025-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň täze hiline seljerme bermek, aýratyn hem, sanly ykdysadyýeti ylmy esasda öwrenmegiň möhüm ugurlaryna we ähmiýetine üns çekmek örän möhümdir.
Türkmenistanyň ykdysadyýetini ylmy esasda öwrenmek we wagyz etmek esasy wezipelerimiziň hataryndadyr. Şunda sanly ykdysadyýeti öwrenmek we onuň döwrebap mümkinçiliklerini ýaş nesillere ýetirmek bilim işgärleriniň, mugallymlaryň esasy ugrudyr. Ýurduň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşiniň hem-de dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagynyň möhüm şerti hökmünde döwletimizde maglumat we aragatnaşyk ulgamlarynyň, kompýuter tehnologiýalarynyň ösdürilişine aýratyn ähmiýet berilýär. «Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda milli ykdysadyýeti hem-de onuň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek, sanly ulgamyň gerimini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.
Ýurtda täze özgertmeleriň ýaýbaňlandyrylýan häzirki şertlerinde ― innowasiýalaryň çalt ösýän we özgerýän «tehnologiýalar eýýamynda» innowasion ykdysadyýeti ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Innowasion ykdysadyýeti kemala getirmek, ähli ulgamlary sanlylaşdyrmak, sanly ykdysadyýetiň täze ugurlaryny durmuşa ornaşdyrmak, ykjam kompýuter aragatnaşygyny ýola goýmak babatda maksatnamalaýyn işler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu bolsa, milli ykdysadyýeti innowasion ösüş ýoluna geçirmek işini çaltlandyrmaga, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary, sanly ulgamy, elektron resminamalar dolanyşygyny giňden ornaşdyrmaga ýardam berýär.
Türkmenistanda sanly ykdysadyýete geçmek, şol sanda bu ulgamy kadalaşdyryş-hukuk ýagdaýy bilen üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bu ugurda «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminamanyň dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.
Ýeri gelende bellesek, ata Watanymyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» kabul edildi. Milli maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna we ykdysadyýetiň innowasion industrial esasda durnukly ösüşiniň saklanmagyna, şeýle hem ýurduň tehnologik üpjünçiliginiň ýokarlanmagyna uly ýardam berer.
Döwletgeldi GUTLYGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Sanly ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.