Buýsançly köňüller

Parahatçylyk we ynanyşmak ― beýik ösüşleriň binýady

23-01-2025 / 15

Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler biz — terbiýeçileriň buýsanjyny has-da artdyrýar. Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň dünýäde giň goldawa eýe bolýandygyny hem buýsançly bellemelidiris. Şu jähetden, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

Taryhyň gatlarynda orun alan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda durmuşa geçirilen beýik işler biziň her birimizi 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem ajaýyp zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Geçen ýylda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ýaş nesillere wagyz etmekde terbiýeçilik ähmiýetli, okuw-usulyýet mazmunly, pedagogik ugurly çäreleriň ençemesini guradyk. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bizi has netijeli işlemäge ruhlandyrdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nobatdaky ýylynyň çuň mazmunly şygarynyň ýurdumyzyň şöhratly taryhy ýolunyň özboluşly beýany bolup durýandygyny nygtamak gerek. Geçilen taryhy menziller bolsa mähriban Watanymyzyň saýlap alan Bitaraplyk syýasatynyň dogrudygyny, onuň halkymyzyň, şol sanda hem umumadamzat bähbitlerine, ýurduň syýasy we durmuş-ykdysady ösüşiniň uzak möhletleýin wezipelerine, dünýä döwletleri hem-de halklary bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň maksatlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar. Halkara hukuk derejämiziň 30 ýyllyk taryhy senesiniň hormatyna ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem muňa doly şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz Watanymyzyň ähli künjeklerinde hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň giňden dabaralandyryljak şu ýylynyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan hem-de ýurdumyzda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan maslahatlardyr duşuşyklar ýaýbaňlandyrylyp, şeýle çärelere bilim işgärleri, terbiýeçiler hem işjeň gatnaşýarlar.

Şeýle ajaýyp zamanamyzda ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemäge, pedagogik işgärleriň hünär başarnyklaryny ösdürmäge döredilýän ajaýyp mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlarymyzy aýdýarys.

Merjen ŞIHIÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 15-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu