Siziň üçin...

Aýdym-saz ― körpeleriň sazlaşykly ösüşiniň girewi

23-01-2025 / 75

Aýdym-sazlaryň adamyň aň-düşünjesine, dünýägaraýşyna rahatlandyryjy, ruhlandyryjy, kadalaşdyrjy, agyry aýryjy, göwün arassalaýjy, pikir durlaýjy, gorkyny aýryjy, ýatkeşligi dikeldiji, bagtyýarlyk duýgusyny dörediji täsiriniň bardygy lukmançylyk ylmynda giňden bellidir. Şoňa görä-de, ösüp barýan ýaş nesillerimiziň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösmeginde, olaryň aňyýetiniň ösüşinde, dünýägaraýşynyň giňelmeginde, watansöýüjilik, ynsanperwerlik duýgularynyň kämilleşmeginde aýdym-saz sungatynyň tutýan orny örän uludyr.

Häzirki zaman saz terbiýesi körpeleriň saz sungatyna bolan isleglerini ýüze çykarmagy, olaryň saz işleriniň dürli görnüşlerine bolan gyzyklanmalaryny kämilleşdirmegi we saz-estetiki garaýyşlaryny kemala getirmegi öz öňünde baş wezipe edip goýýar. Aýdym-saz sapagy sungat sapagy bolmak bilen, ony guramagyň esasy şerti okuw sapaklaryna terbiýeçiniň-de, çagalaryň-da döredijilikli çemeleşmeklerinden ybaratdyr.

Aýdym-saz sapagynda terbiýeçiniň esasy maksady sapakda alnyp barylýan saz işleriniň dürli ugurlaryna laýyklykda, çagalary özbaşdak pikirlenmäge, olarda işjeňligiň kemala gelmegine ugrukdyrmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, çagalar bakja-bagymyzda okuw-terbiýeçilik, usulyýet-guramaçylyk işlerini maksadalaýyk alyp barmakda döwlet Maksatnamalaryndan, bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak ugrunda kabul edilýän Konsepsiýalardan, kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ugur alýarys. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerini ýol-ýörelgämiz hasaplap, esasy gollanmalarymyz hökmünde peýdalanýarys.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň bilim-terbiýeli bolup ýetişmegi, kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Alym Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Bekmyrat KURBANOW,
Daşoguz şäheriniň 3-nji çagalar bakja-bagynyň aýdym-saz ýolbaşçysy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu