Buýsançly köňüller

Sag başym — soltan başym

21-01-2025 / 11

Türkmen — owal-ahyr saglyga sarpa goýup gelen halk. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» kitabynda beýanyny tapan «Sag başym — soltan başym», «Saglygym — begligim», «Saglyk — baýlyk» ýaly nakyllardyr atalar sözleri ata-babalarymyzyň saglyga näderejede ähmiýet berendigine, ony dünýäniň mal-mülkünden, genji-hazynasyndan hem zyýat görendigine şaýatlyk edýär.

Pederlerimizden miras galan bu ýörelge täze taryhy döwürde mynasyp dowam etdirilýär. Şu ýerde bir zady, özem örän möhüm zady aýratyn belläp geçmek gerek: Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda her bir adamyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulanmagy ugrunda ýadawsyz aladalar edilýär, il bähbitli, dünýä ähmiýetli başlangyçlara badalga berilýär. Häzirki wagtda saglygy goraýyş ulgamyny, derman senagatyny, sagaldyş-şypahana gullugyny ösdürmek bilen bagly birnäçe maksatnamalar esasynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.

«Döwletimiziň beýik geljegi halkymyzyň bagtyýar we sagdyn durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr» diýýändigi üçin buýsanmalydyrys. «Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary», «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy», «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar» atly kitaplary Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanyna, ene topragyna, mähriban halkyna bolan çuňňur söýgüsiniň aýdyň alamatydyr we şol bir wagtyň özünde-de ylahy zehininiň, döredijilikli gözlegleriniň we ylmy barlaglardyr amaly işleri yzygiderli alyp barmak boýunça tutanýerli zähmetiniň miwesidir. Şeýle mähirli söýgi hem-de datly miwe bu günki günde göwünlerimizi galkyndyryp, sagdynlykda, bagtyýarlykda ýaşamagyň nurana ýoluny salgy berýär.

Ýurdumyzda adamlaryň jan saglygy hakyndaky alada iň esasy orunda durýar. Şonuň üçinem saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebap ösdürmek, adamlaryň saglygyny goramak babatda beýik işleri durmuşa geçirýän alym Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Bagtyýar EREŞOW,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu