![](https://turkmengazet.com/wp-content/uploads/2023/09/bmg-b.jpg)
Taryh sahypalarynda merdana millet hökmünde yz goýan şöhratly pederlerimiziň parahatçylyk ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen täze taryhy döwürde dünýä ýüzünde belent ykrara eýe bolýar. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda halkara giňişlikde şu ýylymyzyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bolsa işjeň daşary syýasatymyzyň parasatly ýörelgelerini nobatdaky gezek ýüze çykarýar.
Geçen ýyllarda Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 30-a golaý Kararnamanyň kabul edilmegi buýsançly hakykatdyr. Diňe 2024-nji ýylda Milletler Bileleşiginde dünýä ähmiýetli resminamalaryň 4-sine, şol sanda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary», «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» hem-de «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalara ýurdumyz öňbaşçylyk etdi. Şeýle hem paýtagtymyzda geçirilen halkara forumlaryň ençemesiniň Jemleýji resminamalarynyň Baş Assambleýanyň degişli sessiýalarynyň resminamalary hökmünde kabul edilmegi ýurdumyzyň dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmäge goşýan uly goşandyny alamatlandyrýar.
Her ýyl bolşy ýaly, 2025-nji ýylymyzda hem halkara derejede iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigini ynamly aýdyp bolar. 14-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideriniň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeşligi şeýle diýmegimize anyk esas berýär. Şunda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şu ýylda Türkmenistanda geçiriljek halkara çäreleriň ähmiýeti dogrusynda pikir alşyldy, täze teklipler beýan edildi. Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň taýýarlanmagy, BMG-niň Baş sekretarynyň bu resminamany dolulygyna makullamagy bolsa aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Üstümizdäki ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi pederlerimiziň iň ýokary ahlak gymmatlyklaryndan ugur alýan ýörelgeleriň daşary syýasatymyzyň özenini düzýändigini görkezýär. Bütin dünýäde parahatçylygy we ynanyşmak medeniýetini dünýä ýaýmak boýunça nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary rowaç bolsun!
Ýegenbibi MÄMIÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 32-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.