![](https://turkmengazet.com/wp-content/uploads/2025/01/parahat-780x470.jpg)
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan syýasaty dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýar. Şu jähetden, 2025-nji ýylyň dünýäde hem-de Türkmenistanda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.
Şu ýyl ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy uludan belleniler. Watanymyzyň durmuşynda örän uly syýasy waka bolan bu sene hoşniýetli daşary syýasatymyzyň üstünliklerini dünýä ýaýýan ajaýyp baýramçylykdyr. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyz hem şeýle şanly sene bilen utgaşyp, taryhy wakalara, uly üstünliklere beslener. Şunuň bilen baglylykda, golaýda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, bu şanly ýyl mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. 9-njy ýanwarda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň bu toparyň ilkinji mejlisini geçirmegi, onda birnäçe guramaçylyk meselelerine, şol sanda ýubileý medalynyň we ýadygärlik nyşanynyň taslamasyny taýýarlamak, ýylyň şygary bilen bagly bezeg işlerini geçirmek, sowgatlyk önümleri öndürmek, halkara çärelere gatnaşmagy göz öňünde tutulýan daşary ýurt wekiliýetleriniň sanawyny anyklamak ýaly meselelere garalyp, ýylyň çäreleriniň konsepsiýasyny taýýarlamak barada karara gelindi. Mälim bolşy ýaly, guramaçylyk döwlet toparyna Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýolbaşçylyk edýär.
Bu gün hemişelik Bitaraplygymyzyň ählumumy parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakdaky ähmiýetine uly gyzyklanma bildirilýär. Garaşsyz Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň ençeme mejlislerinde wise-başlyklyga hem-de bu iri halkara guramanyň abraýly düzümleriniňdir ykdysady institutlarynyň agzalygyna saýlanandygyny buýsançly bellemek gerek. Hut eziz Watanymyzyň başlangyjy bilen dünýäniň syýasy senenamasynda täze baýramçylyk — Halkara Bitaraplyk güni döredi. Türkmen Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleri tarapyndan iki gezek ykrar edilmegi, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», 2023-nji ýylyň «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýlip yglan edilmegi, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi üçünji müňýyllykda parahatçylyk taglymatynyň çuňlaşmagyna oňyn täsir etdi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda şanly senesi uludan toýlanjak hemişelik Bitaraplygymyzyň giň mümkinçiliklerini döwletli tutumlar bilen dabaralandyrýan Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, dünýä ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Mährijemal OMAROWA,
Daşoguz şäheriniň 33-nji çagalar bakja-bagynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi.