
Ýurdumyzda ýokary hilli bilim bilen bir hatarda, ýaş nesliň döwrebap terbiýesi hem derwaýys hasaplanýar. Şonuň üçin hem ýaş nesilleriň terbiýesine, olaryň watansöýüjiligine mekdebe çenli çagalar edaralarynda aýratyn üns bermek zerurdyr. Esasan hem, körpeleriň sapaga işjeň gatnaşmagyny gazanmak, öwredilýän zatlara oňat düşünmekleri üçin usulyýet işini, terbiýeçilik-guramaçylygy ýola goýmak terbiýeçileriň baş maksady bolmalydyr.
Häzirki wagtda ýurdumyzda bagtyýar nesillerimizi döwrüň ruhuna laýyk häsiýetde, milli esasda kemala getirmekde köp asyrlaryň synagyndan geçen terbiýeçilik däplerine, türkmeniň döwletlilik ýörelgesine eýerilýär. Şu nukdaýnazardan hem nesilleri terbiýelemegiň ylmy esaslaryna daýanýan milli pedagogikanyň usulyýeti çuňňur öwrenilýär we tejribeler arkaly berkidilýär.
Bu usullaryň giňden peýdalanylmagy bolsa alnyp barylýan işiň mazmuny baýlaşdyrylyp, onuň maksadalaýyk bolmagyny üpjün edýär. Şeýlelikde döwletiň geljekki eýeleri bolan gujur-kuwwatly, edep-ekramly, ylym-bilimli, il-ýurdyna, öz topragyna wepaly perzentler ýetişýär. Biz hem öz çagalar bakja-bagymyzda alnyp barylýan okuw-usulyýet, terbiýeçilik-guramaçylyk işlerimizi meýilnamalaýyn esasda ýola goýup, mähriban çagalarymyza sowat öwretmekde, terbiýe bermekde döwrebap terbiýeçilik pedagogikasyndan peýdalanýarys.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar günlerinde türkmen perzendini asylly sypatlarda kemala getirmek wezipesi ýurdumyzyň bilim ulgamynyň mekdebe çenli bilim we terbiýe işi bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem häzirki wagtda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň maddy enjamlaýyn binýadynyň gowulandyrylmagyna, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna, okuw-terbiýeçilik ileriniň usulyýetiniň baýlaşdyrylmagyna şol sanda bilim işgärleriniň hünär derejesiniň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Ýaş nesle kämil bilim bermäge, olary milli ruhda terbiýelemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Gurbangözel HARSANOWA,
Mary şäherindäki 5-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.