Siziň üçin...

Bilim — belentliklere badalga

22-01-2025 / 35

Täze taryhy döwrümizde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz sazlaşykly ösýän kuwwatly döwletleriň biri hökmünde bu gün dünýäde giňden tanalýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň bilim ulgamyny hem yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň, ony milli we öňdebaryjy tejribeler, umumy ykrar edilen halkara kadalar esasynda kämilleşdirmegiň aýgytlaýjy eýýamydyr.

Häzirki wagtda ýurdumyzda çagalaryň we ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylymda uly üstünlikleri gazanmagy, zehin-başarnyklaryny döredijilikli işlere gönükdirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär, okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň mazmuny baýlaşdyrylýar. Okuw işine ylmyň täze gazananlary, interaktiw-multimedia enjamlary, sanly tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Täze açylýan mekdeplerde okuwçylaryň netijeli okamagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, mugallymlaryň talabalaýyk işlemegi üçin oňaýly şertler bar.

Däp bolşy ýaly, geçe ýylymyzyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde hem ýurdumyzda täze, döwrebap orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň birnäçesi açyldy. Olar kompýuterler, zerur bolan beýleki enjamlar, okuw gollanmalary bilen üpjün edildi. Birinji synpa kabul edilen okuwçylara, şol sanda biziň welaýatymyz boýunça 34 müňe golaý okuwça Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan ýurdumyzda öndürilen «Bilimli» noutbuk kompýuterleri sowgat berildi. Munuň özi çagalaryň sazlaşykly ösmegi, olaryň kompýuter sowatlylygynyň ýokarlandyrylmagy, okuw işiniň guralyşynyň has-da kämilleşdirilmegi üçin edilýän aladanyň ýene bir aýdyň mysalydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň 2023-nji ýylyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde geçen umumy sapagyndaky: «Ylym-bilim bilen Watanymyza wepaly gulluk etmek beýik mertebedir» diýen sözleri türkmen ýaşlaryny bu babatda dünýä ösüşi bilen aýakdaş gitmäge ruhlandyrýar. Biz — mugallymlar özümiz hakda edilýän hemmetaraplaýyn alada döredijilikli we yhlasly zähmetimiz bilen jogap berip, ýurdumyzyň hakyky ylymlar we bilimler ýurduna öwrülmegi ugrundaky tagallalara mundan beýläk-de mynasyp goşant goşmaga çalşarys. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap ylym-bilim alyp, kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalar edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Madina RAHIMOWA,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu