Siziň üçin...

Edeplilik — ynsan bezegi

18-01-2025 / 34

Türkmen maşgalasy edep-terbiýäniň öýi hasaplanýar. Maşgala — türkmen jemgyýetiniň baş sütüni. Her bir ata-enäniň arzuwy öz perzentleriniň bagtyny görmekdir. Olar elmydama çagalarynyň aladalary bilen bolýarlar. Maşgala gurmak, nesil ýetişdirmek meselesine berilýän aýratyn ähmiýet hem halkymyzyň maşgala gymmatlygyna goýýan beýik sarpasyny açyp görkezýär.

Çaga terbiýesine degişli hemme tejribeleriň ata-babalarymyzdan gaýdyp gelýändigini belleýäris. Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda hem nesilleriň terbiýesi barada: «Türkmen alymy hem akyldary Döwletmämmet Azady «Wagzy-Azat» atly poemasynyň üçünji babyny ylyma hem-de alymlara bagyşlapdyr. Ol adamyň ýaşlykdaky edep-terbiýesi bilen bagly borçlar hakynda söz açyp, ylym-bilimliligi köňül bilen ýerine ýetirmeli borçlara degişli edýär» diýip belleýär.

Salamlaşmaklyk şahsyýetiň edepliligini kesgitlemegiň esasy görkezijilerinden biri hasaplanylýar. Ata-babalarymyz salama “Taňry salamy” diýipdirler. Sebäbi adamlaryň bir-birleri bilen tanyşmagy, hal-ahwal soraşmagy, salamdan başlapdyr. Güler ýüz bilen berlen salam we ondan soňraky hal-ahwal soraşmak adamlaryň göwünlerini açýar we ynam döredýär. Salamlaşmaga göwünli- göwünsiz çemeleşmek, onda ulumsylyk etmek, ýaranjaňlyk, hantamaçylyk biedeplik hasaplanypdyr. Şonuň üçin salamlaşmakda kiçi göwünliligi, açyk ýüzliligi, mähirliligi berjaý etmäge çalyşmak zerurdyr.

Türkmeniň asylly milli däpleriniň biri-de ata-enäni hormatlamakdyr. Ata- enäni hormatlamak, olaryň sarpasyny belent tutmak her bir çaganyň esasy borçlarynyň biridir. Ata-enä mährem bolmak, olaryň diýenini iki gaýtalatman, ýerine ýetirmeklik, olaryň saglygyna, uzak ýaşamagyna oňaýly täsir edýär.

Hakykatdan-da, edeplilik — ynsan bezegi. Ýüzi nurana käbelerimiz şeýle diýýär: «Owadan sypatdan kyrk günde doýulýar, owadan edepden bolsa kyrk ýylda-da doýulmaýar». Ýurdumyzda maşgala gymmatlyklaryny ösdürýän, nesillerimiziň milli däplerimiziň gurşawynda Watanymyzy we ilimizi guwandyrýan, ata-enelerini begendirýän ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Jennet HÜMMEDOWA,
Çärjew etrabynyň 61-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu