Siziň üçin...

Ekologik abadançylyk — eşretli durmuşyň girewi

21-01-2025 / 37

Bilşimiz ýaly, jemgyýetiň durmuş-ykdysady ösüşi daşky gurşaw bilen berk baglanyşyklydyr. Olaryň özara sazlaşygynyň saklanylmagy adamzadyň durnukly geljeginiň girewidir. Sebäbi senagat pudaklarynda, şol sanda himiýa önümçiliginde esasy harytlyk önüm bilen bir hatarda, galyndylar hasaplanýan dürli maddalar emele gelýär. Bu ýagdaý howanyň üýtgemegine, dürli tebigy betbagtçylyklaryň döremegine getirýär.

Ylmyň we tehnikanyň yzygiderli ösüşi, energiýa serişdeleriniň juda köp ulanylmagynyň täsiri ekologik abadançylygy üpjün etmekde kynçylyklary döredýär. Howa bilen bagly ýüze çykýan hadysalaryň garşysyna göreşmek we olaryň öňüni almak meselesi dünýä döwletleriniň, halkara guramalaryň tagallalaryny birleşdirilmeginiň zerurdygyny aýdyň görkezýär. Çünki Ýer ýüzünde howanyň üýtgemegi ählumumy derejede kesgitli çözgütleri talap edýän çagyryş bolup, her bir döwletiň ykdysadyýetinden başlap, saglygy goraýyş ulgamynda, azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde öňde durýan wezipelerine-de öz täsirini ýetirýär. Bu babatda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler hem adamzadyň geljegine jogapkärçilikli çemeleşmek ýaly asylly maksada gönükdirilendir.

Ekologiýa babatda dünýäde ýüze çykan tebigy wehimleri ara alyp maslahatlaşmak, daşky gurşawy zyýanly täsirlerden goramak boýunça bilelikdäki ylalaşykly çözgütleri işläp taýýarlamak we kabul etmek maksady bilen, döwletleriň, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasynyň teklibi esasynda köptaraplaýyn hem-de sebitleýin halkara maslahatlar geçirilýär. 1972-nji ýylyň iýunynda taryhda ilkinji gezek adamyň daşky gurşawynyň meseleleri boýunça BMG-niň Stokgolm maslahatynyň guralmagy we onda ara alnyp maslahatlaşmalaryň ählumumy häsiýetde işjeň geçmegi ekologik meseleleri dünýä derejesinde çözmegiň ähmiýetini has-da artdyrdy. Maslahatyň çäklerinde kabul edilen «Adamyň daşky gurşawynyň meseleleri boýunça» Jarnama hem-de degişli meýilnama döwletleriň köpüsiniň ekologiýa babatda milli kanunçylygynyň binýadyny berkidip, olaryň ösüş ugurlaryny kesgitlemäge, daşky gurşawy goramak boýunça halkara şertnamalary işläp taýýarlamaga düýpli täsirini ýetirdi.

Stokgolm maslahatynda döwletleriň daşky gurşawy goramak boýunça meýilnamalaýyn hereketlerini ugrukdyrýan, bu ugurda halkara ylalaşyklaryň taslamalaryny işläp taýýarlamaga ýardam berýän BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasyny (ÝUNEP) döretmek hakynda çözgüt kabul edildi. Bu düzümiň esasy wezipesi ekologik abadançylyga howp salmazdan, häzirki we geljek nesilleriň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmakdan ybaratdyr. Şeýlelikde, halkara kadalaryň täsiridir teklipler esasynda, halkara hyzmatdaşlygyň hem-de her bir döwletiň çäginde tebigaty goramak wezipelerini amala aşyrýan edaralar we guramalar döredilip, daşky gurşawy goramak boýunça milli kanunçylyk ulgamynyň binýady berkidildi.

Ýurdumyzyň bagy-bossanlyga, tokaýlyga öwrülmegi daş-töweregimiziň gözelleşmegine we ekologiýa abadançylygyna oňyn täsirini ýetirýär. Bu ýörelge Türkmenistanyň ählumumy abadançylyga, durnukly ösüşiň bähbidine goşýan goşandydyr.

Ahmet MUHAMMETKULYÝEW,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu